
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär
18.11.23 - 21:02Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär.

Türkmenistanyň täze gaz ýataklaryndan «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy
18.11.23 - 01:18Türkmenistanda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň, gaz kondensatynyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde “Tagtabazar — 1” gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy.

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
18.11.23 - 01:07Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 16-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.

Aşgabatda 17-19-njy noýabrda «Iran Project» sergisi we türkmen-eýran işewürler forumy geçiriler
16.11.23 - 23:10Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2023-nji ýylyň 17–19-njy noýabrynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge taýýarlanýar.

Nebitgaz, ulag, ekologiýa — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
16.11.23 - 17:41Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda geçirilen söhbetdeşlikde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.

2024-nji ýylyň aprelinde Fransiýada Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
15.11.23 - 16:102024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada çäräni guramaçylaryň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy
14.11.23 - 16:28Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.11.23 - 23:07Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi
13.11.23 - 22:17Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.

Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
13.11.23 - 22:1011-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
13.11.23 - 18:33On aýda Türkmenistanda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy noýanrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi
13.11.23 - 18:23Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Balkan welaýatynyň daýhanlary ýurdumyzda ilkinji bolup pagta taýýarlamak baradaky borçnamany ýerine ýetirdiler
13.11.23 - 13:2712 noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.

Türkmenistanda Hasyl baýramy giňden bellenilýär
12.11.23 - 16:46Şu gün, 12 – nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl baýramy giňden bellenilýär. Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY
10.11.23 - 19:01Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY.