Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY
27.10.23 - 07:56Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY.
CNPC-niň ýolbaşçysy: Hytaý we Türkmenistan gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe
27.10.23 - 00:06Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun çarşenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýanyň umumy sessiýasynda eden çykyşynda Hytaý bilen Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda möhüm rol oýnaýandygyny we bu ýurtlarda çuň strategiki ähmiýete eýe bolan ägirt uly hyzmatdaşlyk potensialynyň bardygyny belledi.
Ýakyn ýyllarda dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny has hem artar — bilermenler
26.10.23 - 23:50Ýakyn ýyllarda dünýä energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny görnetin pugtalanar. Bu pikir Aşgabatda dowam edýän «Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi.
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy Türkmenistanyň uglerod bitaraplygy boýunça maksatlaryny goldaýar
26.10.23 - 23:25BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (BMG ÝYK) Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Metan boýunça ählumumy borçlulyga goşulmagyny öwrenmek boýunça 2023-2024-nji ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasyny tassyklamagyny goldaýar. Bu barada BMG-niň ÝYK-nyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti Aşgabatda çarşenbe güni öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» Halkara maslahatynyň umumy mejlisiniň açylyşynda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
26.10.23 - 22:41Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady
25.10.23 - 23:54Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara sergisi we maslahaty başlanýar
25.10.23 - 17:45Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda nebitgaz, himiýa we ýaşyl energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
25.10.23 - 17:40Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
25.10.23 - 14:21«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy energetikany uzak möhletleýin geljekde ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi
24.10.23 - 21:24Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
24.10.23 - 21:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Prezident OGT-2023 halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
23.10.23 - 17:03Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TNGIZT-de ýanwar-sentýabr aýlarynda 3,4 mln tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi
20.10.23 - 19:272023-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 3 million 412 müň 794 tonna «gara altyn» gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistan «Ýaşyl Ýüpek ýoly» ugrunda çykyş edýär — Gurbanguly Berdimuhamedow
19.10.23 - 14:13Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.
Pakistanyň Maýa goýumlar boýunça Geňeşi döwlet düzümlerine TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny tizleşdirmegi tabşyrdy
19.10.23 - 14:10Pakistanyň Maýa goýumlaryna ýardam etmek boýunça Ýörite geňeşiniň (SIFC) Ýokary komiteti Pakistanyň Daşary işler ministrligine we Nebit departamentine Saudi Aramco-nyň we Pakistan State Oil nebitgaz kompaniýasynyň, şeýle hem TAPI gaz geçirijisiniň meseleleriniň çözülmegini çaltlaşdyrmagy tabşyrdy diýip, Business Recorder öz maglumat çeşmelerine salgylanyp, sişenbe güni habar berdi.