Habarlar
164de0c4615bd5.jpeg
Daşary ýurt gämileri Türkmenbaşynyň portunda dizel ýangyjyny guýduryp bilerler
17.08.23 - 17:02

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýup bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu barada flotuň saýtynda habar berilýär.


164dd07c8451e3.jpeg
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
16.08.23 - 22:30

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.


164dc5a8a03e01.jpeg
Türkiýeda Türkmenistanyň Baş konsuly bellenildi
16.08.23 - 10:11

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.


164dbc6c1e70c0.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
15.08.23 - 23:41

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.


164dbc00324cee.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
15.08.23 - 23:12

14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.


164db883e0749f.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.08.23 - 19:14

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.


164db7af84f256.jpeg
Türkmenistan — Gruziýa awiaýangyjy iň iri iberiji ýurt
15.08.23 - 18:17

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 29,6 müň tonna awiasion ýangyjyny eksport etdi. Business Media Georgia-nyň Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileri birleşigine salgylanyp habar bermegine görä, bu 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Gruziýanyň awiasion ýangyç importynyň umumy möçberiniň 44,1%-ini eýeleýär.


164db09a05a33b.webp
Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň paýtagtymyza dolanyp geldi
15.08.23 - 10:14

14-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyza dolanyp geldi.


164da41d240fff.jpeg
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
14.08.23 - 20:01

Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.


164d9cbb989363.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralarynyň işi bilen tanyşdy
14.08.23 - 11:37

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we olaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.


164d869b706d16.jpeg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
13.08.23 - 10:27

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.


164d859c54a0a4.jpeg
Awazada Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi
13.08.23 - 09:19

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem Balkan welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi ýurdumyzda bu şanly senä möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.


164d733bc522f4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi
12.08.23 - 12:24

Serdar Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.


164d729c1efb7f.jpeg
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi bellenildi
12.08.23 - 11:42

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi bellenildi.


164d725858a7e8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady
12.08.23 - 11:24

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady.