
Azerbaýjanyň «Socar» Döwlet nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Elşat Nasirow
29.03.22 - 17:45— Pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2022) Halkara maýa goýum forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini bellä geçmek isleýärin. Bu çäre sebitiň energetiki senenamasynda her ýylda geçirilýän möhüm çäreleriň biri boldy.

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
29.03.22 - 14:53Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 13:00-da «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2022) Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Şu gün şeýle hem Dubaýdaky EXPO – 2020 halkara sergisine gatnaşyjylar bilen teleköpri guralar.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
29.03.22 - 08:24Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri guýularyň öndürijiligini artdyrýar
26.03.22 - 14:30«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üçin geçen ýyl üstünliklere beslendi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende tebigy gazyň önümçiliginiň ösüş depgini 144%-e deň boldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» Forumyna taýýarlyk görülýär
26.03.22 - 14:19Geljek hepdede — 29-30-njy martda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Onuň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Ýokary hil — zawodyň işiniň esasy görkezijisi
24.03.22 - 20:53«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işine ussat hünärmenleri ýetilen sepgit bilen çäklenmeýärler. Zawod öndürilýän önümleriň möçberini artdyrýar, täze önümleriň nümçiligini özleşdirýär.

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
24.03.22 - 13:44Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.

Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
22.03.22 - 17:25«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.03.22 - 13:36Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.03.22 - 08:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 137-si hasaba alyndy.

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
11.03.22 - 14:02ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.

Ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
09.03.22 - 23:27Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
09.03.22 - 23:13Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2% derejesinde galdy
09.03.22 - 23:06Türkmenistanyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde belledi.

Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
09.03.22 - 20:12Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.