Habarlar
161a7a72aa378f.png
NEBITGAZ PUDAGYNYŇ GELJEGI: «DÜŞBI GUÝULAR» WE «SANLY ÝATAKLAR»
01.12.21 - 21:34

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberlerdäki maýa goýumlar goýulýar.


161a1dd0da5c32.jpeg
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
27.11.21 - 12:23

Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.


161a06d6cbfdb6.jpeg
Gurluşyk işleri giň gerim alýar
26.11.21 - 10:09

Dürli kysymly tehnikalaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýan şertlerinde olary ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzda bu meseläni üstünlikli çözmek maksady bilen köptaraply işler alnyp barylýar. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ýerlerdäki nebit önümleri kärhanalarynyň durky täzelenilýär, şeýle-de täze ýangyç guýýan beketler gurulýar.


1619f1afdb9c0f.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirildi
25.11.21 - 10:11

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.


1619ba0ff460d6.jpeg
Gaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
22.11.21 - 18:54

Geçen anna güni Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowyň we HHR-iň energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Çžan Szýanhuwanyň ýolbaşçylygynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-hytaý hökümetara topary bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Duşuşyga iki dostlukly döwletiň ýangyç-energetika toplumynyň jogapkär işgärleri gatnaşdy.


1619b9daa1b932.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.11.21 - 18:39

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


16199d2d655199.jpeg
«Gerçek» aýakgap önümçiligini ösdürýär
21.11.21 - 10:02

Erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşlerini tikmek bilen meşgullanýan «Gerçek» hususy kärhanasy önüminiň möçberini artdyrdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.


16197997694d17.jpeg
Türkmenistanyň Baş konsuly Tatarystanda «Tatneftiň» desgalaryna baryp gördi
19.11.21 - 17:32

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow Tatarystan Respublikasynyň Almetýewsk şäherindäki «Tatneft» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň desgalaryna baryp gördi diýip, «Tatneftiň» saýty habar berýär.


1619797892be37.jpeg
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler
19.11.21 - 17:24

Dekabr aýynda OPEC-iň ministrleriniň duşuşygynda 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEC-iň baş sekretary wezipesine bellemek üçin Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisiniň dalaşgärligi maslahatlaşylar diýip, Kuweýtiň nebit we ýokary bilim ministri Muhammed Abdel Latif al-Fares Abu-Dabidäki ADIPEC-2021 Halkara nebitgaz sergisiniň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.


1619695bd14e49.jpeg
«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
18.11.21 - 23:04

«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


161964ff3ca667.jpeg
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär
18.11.21 - 18:06

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.


161960a2591a0f.jpeg
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde täze dokma toplumy açyldy
18.11.21 - 13:09

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16194981b894f4.jpeg
«Eziz doganlar» HJ Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyny gurar
17.11.21 - 10:50

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


16193fd526be16.jpeg
YHG agza döwletleriň işewürler forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler
16.11.21 - 23:49

Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.


161939df09ff25.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.11.21 - 17:02

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.