
Hazardaky «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmegiň geljegini Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri maslahatlaşdylar
05.08.21 - 22:45Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Ýedi aýyň jemi jemlenildi
04.08.21 - 23:35Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi.

Poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna halkara bäsleşik yglan edildi
03.08.21 - 22:53«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak hem-de gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň teksti «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Balkan welaýatynda öndürijilikli guýular gazlift usulyna geçirilýär
03.08.21 - 21:46Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda baý nebit känlerini özleşdirmek boýunça işler giň gerim alýar. Sebitde täze, has çuň guýulary burawlamak boýunça işler guramaylykly alnyp barylýar.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
02.08.21 - 13:44Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

«Malaý» känindäki nobatdaky guýudan gazyň senagat akymy alyndy
30.07.21 - 00:17«Malaý» käninde buraw işleriniň netijesinde tebigy gazyň gündelik debiti 400 müň kub metre barabar bolan senagat akymy alyndy. Buraw işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

TNGIZT-niň täze önümi
29.07.21 - 18:45Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir.

Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi
28.07.21 - 23:09Owganystanyň mlli statistika we habarlar müdirliginiň (NSIA) çap eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan OYR-niň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi.

Türkmenistan–Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar
28.07.21 - 16:08Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Gruziýa iberilen mukdary 2,5 essä golaý ýokarlandy.

HHR-niň kompaniýasy «Galkynyş» känindäki üç sany guýynyň gurluşygyny tamamlar
26.07.21 - 23:11“Türkmengaz” döwlet konserni «Galkynyş» käninde gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek boýunça öňdeligi saklaýar
07.10.20 - 00:38Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gaz eksportunyň göwrümi boýunça birinji orunda durýar, bu barada hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen Interfaks habar berýär.