Habarlar
161ecf71fd338d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady
23.01.22 - 11:35

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady.


161ebb6540c2da.jpeg
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler
22.01.22 - 12:46

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.


161eb98e9c73fe.jpeg
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
22.01.22 - 10:40

Daşkende iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


161ea7548883b6.jpeg
Owganystanyň Hökümet wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdy
21.01.22 - 13:56

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýet bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161e4a078705f5.jpeg
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM
17.01.22 - 03:47

Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161e49f12871ef.jpeg
Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler — Owganystanyň HBS-i
17.01.22 - 03:41

Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.


161e49cdc335f9.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
17.01.22 - 03:31

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161e4993867bc2.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
17.01.22 - 03:16

13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.


Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi
17.01.22 - 00:02

Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy
16.01.22 - 23:55

2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi
16.01.22 - 22:15

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.


161e44b98307e4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy
16.01.22 - 21:26

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy.


161e0b095cfa65.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
14.01.22 - 04:07

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.


161e0ad9c12002.jpeg
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
14.01.22 - 03:54

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161e02441b83ee.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
13.01.22 - 18:08

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.