Habarlar
161b4a8a289e8d.jpeg
Owganystana ynsanperwer kömegini bermek tabşyryldy
11.12.21 - 18:33

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, “Türkmengaz” döwlet konsernine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary we azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.


161af24fba10a7.jpeg
«Hatyra» kitabynyň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy
07.12.21 - 14:10

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy.


161ab81a01c57e.jpeg
Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi
04.12.21 - 19:56

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi.


161aa6df9990fd.jpeg
Ýaş türkmenistanlylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler
04.12.21 - 00:20

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar.


161a1e615e9247.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
27.11.21 - 13:02

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kemerowo oblastynyň “Listwýažnaýa” şahtasynda bolup geçen pajygaly hadysanyň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny ýollady.