Habarlar
162595ba5a2946.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär
15.04.22 - 16:48

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mygallymlary tarapyndan rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň ylmyna we sungatyna bagyşlanyp taýýarlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.


16256b8b94ea88.jpeg
Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk
13.04.22 - 16:49

12-nji aprelde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar.


16240791d03fa4.jpeg
Döwranguly Atahanow - “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Marketing we logistika bölüminiň başlygy
27.03.22 - 19:47

Döwranguly Atahanow - “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Marketing we logistika bölüminiň başlygy.


1623f6292c500f.jpeg
Merdan Orazmuhammedow - “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji
26.03.22 - 23:59

Merdan Orazmuhammedow - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zwodlar toplumynyň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.


1623eb8ddd9762.jpeg
Serdar Nurýagdyýew - «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baş geofizigi
26.03.22 - 11:55

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow garaşsyz bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda öňde durýan jogapkärli we belent wezipelere bolan garaýşyny anyk beýan etdi.


1623ea065c3347.jpeg
Döwlet Baştutanymyz Çoganlydaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
26.03.22 - 10:11

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


1623d4344c7d45.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
25.03.22 - 09:21

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda.


16239829b40e77.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy
22.03.22 - 13:02

20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.


1622b5eabe5466.jpeg
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň abadançylygy döwletimiziň aladasydyr
11.03.22 - 19:37

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanda bilimi we ylmy kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, bu möhüm ulgamlary halkara ölçegleriň derejesine çykarmak, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.


162270448b2a02.jpeg
Köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
08.03.22 - 12:22

7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.


16226f9eb718a7.jpeg
Mukamlar köşgünde Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti
08.03.22 - 11:38

7-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.


16225ce2ece0b7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.22 - 14:19

Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, karar edýärin: Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly:


1621f012c579e2.jpeg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
02.03.22 - 10:18

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


1621b43521d214.jpeg
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwrüler
27.02.22 - 14:24

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


1621b384c0c1e5.jpeg
1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak bellenildi
27.02.22 - 13:33

2022-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.