Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Institut kyrk ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geologiýa gözleg we gaz gorlaryny hasaplamak, guýulary burawlamagyň taslama işlerini geçirmek, tebigy gazy taýýarlamak, ugratmak we gaýtadan işlemek, ekologiýa, şeýle hem nebitgaz taslamalaryny tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak babatda toplumlaýyn barlag işlerini ýerine ýetirýär.
Täsin tebigy-tehnogen desga — «Garagumuň ýalkymy» diýlip atlandyrylýan Derweze krateri institutyň ylmy barlaglarynda aýratyn orun eýeleýär. Ol Merkezi Garagumda, Çaljulba, Zäkli-Derweze ýataklar toparynda, Aşgabatdan, takmynan, 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde 1963-nji ýyldan bäri ýer astyndan tebigy gaz üznüksiz çykyp, ýanyp dur.
Diametri 60 metre we çuňlugy 20 metre golaý bolan krater gazly ýatakda burawlanan gözleg guýusynyň çökmegi netijesinde emele gelýär. Awariýa pursadynda adamlaryň we haýwanlaryň zäherlenmezligi üçin çykýan gazy ýakmak kararyna gelinýär. Çak edilişi ýaly, ýangyn birnäçe günden öçer ýa-da gaz gory ýanyp gutarar ýa-da goňşy ýataklarda, ýagny Şyh (suw bilen doldurylan) we Derweze (laý bilen doldurylan) kraterleri emele gelen ýataklarda bolşy ýaly, gazly gatlagy suw basar diýip pikir edilýär.
Institutyň hünärmenleri Zäkli-Derweze ýataklar toparynyň geologiýa gurluşyny düýpli öwrendiler. 200-den 950 metre çenli çuňlukda ýerleşen hem-de suwly we gaty jynslara eýe bolan ýuka, az önümli gatlaklar bilen kesişmegi olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Häzirki wagtda Derweze, Takyr, Şyh, Şyhýany, Çaljulba, Goýun, Topjulba, Toparjulba we Çemmerli ýataklary senagat taýdan özleşdirilýär. Guýularyň 45-isini ulanmak bilen, gaz çykarmak işi amala aşyrylýar. Käbir gatlaklaryň we ýataklaryň gidrodinamiki taýdan özara baglydygy kesgitlenildi.
Gatlak-ugurdaş, gözleg-barlag we ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak bilen, Merkezi Türkmenistanda kristal esasa çenli jynslaryň kesişmesiniň üsti açyldy. Platforma esasy paleozoý emele gelmeleri — granitler, granit-porfirler, tuflar we liparit düzümli tuf erginleri bilen gabat gelýär. Onuň ýaşy doperm-trias ýaly kesgitlenilýär, aňrybaş açylan kuwwat 120 metre çenli baryp ýetýär.
Hek ulgamynyň çökündileri stratigrafik hatar bilen duş gelýär hem-de deňiz, şeýle hem kontinental jynslary öz içine alýar: walanžin we goteriwden barreme, apta, alba, senomana, turona, senona we daniýa çenli.
Ilkinji çaklamalara garamazdan, Derweze krateriniň ýanmagy onlarça ýyllar bäri dowam edýär. Bu hadysa daşky gurşawa ýaramaz täsir edýär we gymmatly energiýa serişdesiniň ýitgilerine getirýär. Şonuň bilen baglylykda, gözegçilikde saklap bolmaýan gaz çykymynyň öňüni almak üçin netijeli ýollary tapmak babatda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary tarapyndan bu işe ylmy jemgyýetçiligi çekmek barada karara gelindi.
Ozal krateri we awariýa guýusyny barlamak üçin birnäçe işler amala aşyryldy. «Türkmengaz» DK-nyň «Nebitgazhowpsuzlyk» müdirliginiň hünärmenleri guýynyň saklanyp galan sementlenen bölegini tapmak umydy bilen onuň düýbüni barladylar, bu gözbaş armaturasyny kesgitlemäge we gazyň çykymyny dolandyrylýan düzgüne geçirmäge mümkinçilik berip bilerdi. Emma gazyň çykmagyna krateriň ýüzündäki ojaklar sebäp bolýar we guýynyň düýbüni tapmak başartmady.
Ulanyş guýularynyň häzirki maglumatlary kesişýän gatlaklaryň arasynda gaz akymlarynyň bardygyny tassyklaýar. Gözleg guýusy bilen açylan ýatagyň uly bolmadyk gorlaryna garamazdan, krateriň dowamly ýanmagy hut şonuň bilen düşündirilýär.
Kesgitlenen geologiýa we gidrodinamiki aýratynlyklary nazara almak bilen, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri Çaljulba ýatagynda ulanyş-baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdiler. Gorlary boýunça önümli gatlakdan gazy çykarmagyň hasabyna filtrasiýa akymlarynyň ugruny üýtgetmek hem-de kratere gazyň barmagyny ep-esli azaltmak başartdy. Ylmy taýdan esaslandyrylan bu çözgüdiň amala aşyrylmagy gazyň howa aralaşýan zyňyndylaryny aradan aýyrmaga, ekologiýa ýetirýän zyýanyny azaltmaga hem-de Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.