Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistan dünýäde ygtybarly hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy»

https://ussatnews.com/storage/posts/1217/original-1609e39cf4d0eb.jpeg

12-13-nji maýda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän ýylda möhüm wakalaryň biri boldy. Dünýäniň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döreden bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde geçirildi.

Forumyň işine, şol sanda teleköpri arkaly dünýäniň onlarça ýurtlaryndan 500-e golaý wekil, esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň 200-den gowragy, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Abdrahmanow forumy açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. Onda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen.Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Şu soraglar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Kristin Weýgand, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Beýik Britaniýanyň Premýer ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili Nikolson Uinterborn, Azerbaýjan Respublikasynyň “SOСAR Trading S.A” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownak Abdullaýew we beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary G.Agajanow öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny döretmäge, tutuş adamzat üçin derwaýys

bolan meseleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Birinji mejlisiň çäklerinde dünýäniň energetika gün tertibini goldamakda maliýe edaralarynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu meselä bagyşlanan çykyşlary bilen Credit Suisse AG kompaniýasynyň ösýän bazarlar boýunça başlygy Eraj Şirwani, “Rossiýskiý Eksportnyý Sentr” paýdarlar jemgyýetiniň (EKSAR) wise-prezidenti Maksim Kobin, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ý., Bütindünýä bankynyň Täjigistan we Türkmenistan boýunça menejeri Ýan-Peter Olters, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Aganyýaz Jumaýew we beýlekiler tanyşdyrdylar.

Soňky üç mejlisiň barşynda dünýäniň nebitgaz işewür toparlarynyň wekillerinde gyzyklanma döreden çykyşlary bilen “TAPI Pipeline Compani Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýanyň maliýe meseleleri boýunça baş hünärmeni Rolan Pladet, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew, CNPC-niň wise-prezidenti Huan Ýunçžan, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, Gaz eksport edýän ýurtlaryň Forumynyň ykdysadyýet we energetikanyň ýagdaýyny çaklaýyş bölüminiň başlygy Dmitriý Sokolow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwran Çişiýew, “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda geologýa-gözleg hem-de nebit we gaz çykarmak boýunça uly wise-prezidenti Denis Rogaçew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow, «Dragon oil» kompaniýasynyň (BAE) gazanylýan aktiwler boýunça baş dolandyryjysy Farid Al Haşmi, «Edison Technologies GmbH» kompaniýasynyň prezidenti Edison Kasapoglu we beýlekiler tanyşdyrdylar.

Ýangyç-energetika pudagynyň ösüşiniň dünýä we sebit boýunça meýilleri, degişli ugurda sebit taslamalaryny amala aşyrmak, şol sanda TOPH gazgeçirijini gurmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Hazar deňziniň türkmen bölegine hem-de täze gazhimiýa taslamalaryna maýagoýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, daşary ýurtb kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň tejribesi hakynda wideofilm görkezildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de gyzyklanma bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tegelek stolyň başynda maslahat geçirildi, onuň dowamynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özagatnaşyklaryň mümkinçilikleri we strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara forumyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnamalar, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gidrousul bilen arassalanylan dizel ýangyjynyň, uçar kerosininiň, gyzdyrylan nebit koksynyň uly tapgyrlaryny satyn almak hakynda şertnamalar baglaşyldy.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen Forum Türkmenistanyň daşary ýurtly işewür toparlary üçin ýokary maýagoýum çekijiligini aýdyň görkezdi. Onuň netijeleri Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder.

                                                                                                                                                                       Ussa Ussaýew,

                                                                                                                             «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.