Şirin janyň ýagysy
Temmäki adam tarapyndan ulanylýan iň zyýanly madda bolup durýar. Onuň ulanylmagy saglyk üçin howpludyr.
Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, çilimiň düzümindäki nikotin gana goşulyp, bronh, damar, öýken, düwnük, ýürek, bagyr we nerw ulgamlarynyň dürli keselleriniň döremegine alyp barýar. Mundan başga-da çilimkeşlik zyýanly endige öwrülip, adama ruhy taýdan zeper ýetirýär. Şonuň üçinem, gowusy, bu endige ulaşmazlykdyr. Ýöne durmuşda saý-sebäp bilen çilimi köp ýyllaryň dowamynda çeken adam, lukman bilen maslahatlaşyp, onuň kömegi bilen bu närseden el çekip biler.
Çilim çekmek saglyga, bedene zyýan ýetirmekdir. Bu madda adamyň işjeňligini peseldýär, çalasyn hereketlere ukypsyz edýär. Çilimkeşiň çekýän temmäkisiniň tüssesi onuň ýanyndaky adamlar üçin has-da zyýanlydyr. Ol ylaýta-da çagalaryň boýunyň ösüşine, ýatkeşligine zyýanly täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban diýarymyzyň her bir gününi bagtyýarlyga öwürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada-kanunlaryny has-da berkitmek, zyýanly endikleri aradan aýyrmak üçin edýän aladalary özüniň oňyn netijesini berýär.
Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde çilimkeşlige garşy göreş çäresi ilatyň arasynda wagyz-ündew işleri ýokary derejede geçirilýär.
Saglygy goraýyş işgärleri hem ulus-ilimiz bilen bir hatarda özleriniň hyzmat edýän çäklerinde söhbetdeşlikler, düşündirişler, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.
Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.