Ýatkeşligiňi nähili gowulandyrmaly
Ertir irden bir käse kofe içmek ýakymly bolmak bilen birlikde peýdalydyr. Kofeniň düzümindäki kofein ýatkeşligiňi durnuklaşdyryjy madda hökmünde bellidir. Kofeiniň ýatkeşligiň pese gaçmagynyň öňüni alýandygy hem-de gowulandyrýandygy lukmanlar tarapyndan tassyklanandyr. Ol ýatkeşligi ýitirýän käbir kesellere garşy göreş serişdesi hökmünde hem ulanylýar. Lukmanlaryň gelýän netijesine görä, orta we uly ýaşly adamlara, ýüregi agyrýan näsaglara ýatkeşligini gowulandyrmak maksady bilen kofeni köp içmek, ýokumlylygy aşa ýokary bolan önümleri köp iýmek maslahat berilmeýär.
Az wagtlyk hem bolsa, gündizki ukudan soň beýniniň işi kadalaşýar, özüňi duýşuň gowulanýar. Eger her gün gündizine ýarym, bir sagat irkilip bilseň, ýatkeşligiň göz-görtele ýokarlanýandygyna lukmanlar güwä geçýär.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.