Makalalar

Garaşsyzlyk — halkymyzyň milli buýsanjy

https://ussatnews.com/storage/posts/1714/original-1611f39285e91c.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi jemgyýetçilik ösüşiniň ýeke-täk maksadyna, ýagny adam hakyndaky alada gönükdirilýär. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek milli demokratik ýolumyzyň esasy aýratynlygy, döwletimiziň döwrebap ösüşiniň baş maksadydyr.

Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy. Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar.

Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslar berkidilen. 30 ýyl mundan ozal türkmen halkymyz syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan oňaýly milli Garaşsyzlyga tarap ilkinji ädimini ätdi. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Şahyryň:

«Hor galmasyn puştba-puşdum,

Berkarar döwlet istärin»

diýen parasatly setirleri türkmen halkyny birleşdirmek, berkarar döwletli bolmak, geljekki nesillerimiziň bagtly durmuşda erkin ýaşamak baradaky arzuw-islegleriniň Garaşsyz döwletimizde amala aşandygy, edilen arzuw-umytlaryň bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty netijesinde täze belentliklere beslenýändiginde aýdyň görünýär.

Türkmeniň milli Garaşsyzlyk toýunyň aýratyn uly dabara beslenmeginiň özboluşly manysy bar. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, kanunyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, ýer-ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu goşa gymmatlygy bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygyny we ýurdumyzyň berkararlygyny gazanmagyň iň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, döwletimiziň täze taryhyny esaslandyrdy. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýdyňlygy bilen tanatdy. Bu döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir raýatyň döredijilikli halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgeler saýlanyp alyndy. Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň syýasy hem ykdysady, ruhy binýatlary kemala geldi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden parahatçylygyň, jebisligiň we milli demokratik ýörelgeleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde öňe sürülmegi döwletiň ykdysady, syýasy ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere ýetmeginde möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň dowamydyr. Döwletimiziň içeri syýasaty milli Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bolsa, daşary syýasaty bu asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döremegine ýardam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimiziň daşary syýasy we ykdysady strategiýasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň döwründe bitaraplygyň we parahatçylygyň, türkmen döwletliliginiň milli nusgasyny dünýä ykrar etdirip, daşary syýasatda, ozaly bilen, milli hem-de ählumumy bähbitleri üçin amatly halkara şertleri üpjün etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak babatda, energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ekologiýa, we medeni-ynsanperwer gymmatlyklaryň ösdürilmegi ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny esasy ölçeg hökmünde ileri tutýan, halkara borçnamalaryna ygrarly hem ygtybarly döwlet bolup, häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň agzasy bolup, olar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Mähriban Arkadagymyzyň döwlet gurmak tejribesine esaslanýan ýurdumyzyň milli ösüş nusgasy döwletimiziň taryhy-geografik aýratynlyklary, milli gymmatlyklary, giň gerimli halkara gatnaşyklary bilen sazlaşykly utgaşýar. Çünki Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy beslän arzuw-umytlarynyň durmuşda amal edilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde halkymyz Garaşsyzlygyň miweleriniň hözirini görýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler ýurdumyzyň döwrebap ösüşinde, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, milli ylym-bilim ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde, ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, milli mirasymyzyň sarpalanmagynda we baýlaşdyrylmagynda aýdyň şöhlelenýär.

Garaşsyzlyk halkymyzy bir suprada jemlemek bilen, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen döwletliligini berkarar etmäge, döretmäge, gurmaga, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açdy. Halkymyzyň milli buýsanjyna, döwletliligiň esasy alamatyna öwrülen Garaşsyzlygymyzyň eçilen baky bagtyýarlygynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýäris.

Gözel ORAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.