Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini giňden dabaralandyrdy
Mundan otuz ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ösüşleriniň sarsmaz binýady tutuldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetli taryhy wakadyr. Şanly Garaşsyzlygymyz bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döretdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşi giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.
Rahman ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.