Makalalar

IŇ MUKADDES NYGMAT

https://ussatnews.com/storage/posts/2095/original-161705880baa21.jpeg

Her bir halkda, islendik öýde iň mukaddes saýylýan iýmit, elbetde çörek. Adam howasyz, suwsuz oňup bilmeýşi ýaly çöreksiz hem oňup bilmeýär. Çöregi hemme ýerde mukaddes hasaplaýarlar.

Eger ýerde ýatan bir döwüm çöregi görseň hem, ony derrew bir gyra alyp goýasyň gelip dur. Bu bolsa çörege goýulýan ruhy gadyr-gymmatyň ýokarydygyny aňladýar.

Çörege bolan sarpa biziň halkymyzda has hem ýokary. Bu gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli miras galan ýörelgedir. 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň Änewde geçiren arheologiki gazuw-barlag işleriniň netijesinde, ol ýerden b.e. öňki V müňýyllyga degişli Ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Munuň özi bolsa, ýurdumyzy “Ak bugdaýyň Watany” diýip atlandyrmaga esas döredýär. Dogrudan hem, asyrlarboýy çörege örän ýokary gymmatlyk hökmünde garalypdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini satyn alyp bolýar.

Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky maksatnamalaýyn işleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Başga makalalar
16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.


16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.

16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.