Peýdaly maslahatlar

Alymlar almanyň beýni üçin peýdaly häsiýetlerini subut etdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/2388/original-161a5ec12a9ccb.jpeg

Almanyň düzüminde saklanýan tebigy birleşmeler täze beýni öýjükleriniň öndürilmegine itergi berýär. Bu bolsa ýady we kognitiw funksiýalary kämilleşdirmäge kömek edýär.

Almany beýni üçin peýdaly edýän himiki maddalara fitonutrientler diýilýär. Şeýle birleşmeler gyzyl üzümde we gök çaýda hem bar. Alymlar olaryň käbir organlara, şol sanda beýnä hem täsir edýändigini anykladylar. Bu barada riafan.ru habar berýär.

Kwinslend uniwersitetiniň awstraliýaly alymlary Germaniýanyň Drezden şäherindäki neýrodegeneratiw keselleri merkezinden kärdeşleri bilen bilelikde käbir fitonutrientleriň ýokary konsentrasiýasynyň neýrogeneze – kelle beýnisinde täze neýronlaryň emele gelme prosesine itergi berýändigini anykladylar.

Geçirilen tejribäniň netijeleri barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen uly syçanlaryň beýni öýjükleriniň has köp neýronlary döredendigini we öýjük kulturasyna almada saklanýan fitonutrientler bolan kwersetin ýa-da digidroksibenz kislotasy (DHBA) goşulsa, ölümden has gowy goraglydygyny görkezdi.

Barlagyň awtorlary beýleki tebigy miwe birleşmeleriniň hem ýokary konsentrasiýalarda ulanylanda, beýniniň işjeňligine oňyn täsir edýändigini we bilelikde ulanylanda bu täsiriň güýçlenjekdigini çaklaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde alymlar “alma” birleşmeleri kabul edilenden soň, kognitiw funksiýalarynda görlen gowulaşmalaryň häzirlikçe diňe haýwanlarda tassyklanandygyny belleýärler. Geljekde barlagçylar alnan maglumatlary adamlarda barlamagy meýilleşdirýärler.

Kerim Baýramow,

TDBGI-niň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.