Peýdaly maslahatlar

Ýaramaz endikden daşlaşylandan soň...

https://ussatnews.com/storage/posts/2400/original-161a7bc39d1e2f.jpeg

Zyýanly endik goýlandan soň bedendäki özgerişler barada «Zreloýe zdorowýe» žurnalyna salgylanyp, «Pulse.mail.ru» habar berýär.

Adam çilim çekmesini goýanyndan 20 minut geçensoň, bedenden nikotin çalt çykyp başlaýar. Takmynan, 1 sagat geçensoň, bedendäki nikotiniň mukdary 50% azalýar. Çilimi soňky gezek çekeniňden 10 sagat geçenden soň, ganyň düzümi nikotinden doly diýen ýaly arassalanýar, 13 sagatdan soň arterial gan basyşy kadalaşýar. Bir gije-gündiz wagtda ýüregiň urşy we güýji gowulanýar. Üç gün geçende birneme derleme hadysalary bolýar, bir hepdede deriniň reňki tebigy durkuna gelýär we organizmdäki täzeleniş duýulýar. Bu täzeleniş 1 aýdan has gowy duýulýar, ýagny adamyň bütin durky özgerýär, nemli üsgülewük ýitýär, umumy immunitet ýokarlanýar. Alty aý geçeninden soň, içki beden agzalary saz işläp başlaýar. Çilim çekilmeginiň goýlanyna bir ýyl geçende organizm doly dikelip, tebigy ýagdaýyna gelýär. Statistikanyň maglumatlary boýunça bäş ýylyň geçmegi bilen täze döremeleriň, şol sanda howply täze döremeleriň ähtimallygy iki esse azalýar.

Taýýarlan Yhlas ORAZLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.