Peýdaly maslahatlar

Limon garylan suw saglyga melhemdir

https://ussatnews.com/storage/posts/2421/original-161ac607281bc2.jpeg

Saglygyňy berkitmekde we dikeltmekde limonly çaýdan başga limonly suw hem peýdalanylýar. Melhem suwy taýýarlamak üçin limonyň çaýa atylýan möçberi ýeterlikdir. Bu miwäniň ynsan saglygyna peýdasy hakynda türkmen, arap, pars, tibet tebipleriniň iýmit hakyndaky kitaplarynda görkezilendir.

Limonly suw alyş-çalyş hadysasyny we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar, adama berhiz tutmakda ýaramlydyr. Gündogar tebipçiliginde limon suwy taýýarlanylanda onuň içine, köplenç, zenjebil goşýarlar. Bu melhem adamy ýaşardyjy içgi hasaplanylýar. Sebäbi limonyň, zenjebiliň düzüminde antioksidantlar bardyr. Antioksidantlar bolsa adam ýüzüniň we bedeniniň ýaşlygyny saklaýar we saglyga zyýanly bakteriýalardan goraýar.

Limon böwrekleriň işini çaltlandyrýar we organizmdäki artykmaç suwy çykarýar. Organizmi A, B, P witaminleri bilen üpjün edýär.

Limonly suw, çaý içilenden soň, dişleri ýörite serişdeler bilen arassalamak gerek. Bu dişleriň syrçasyna zyýan ýetmek töwekgelçiliginden goraýar. Eger iýmit siňdiriş ulgamynda ýa-da böwrekde sökellikler bar bolsa, limonly melhemleri peýdalanmazdan öň lukmanlar bilen maslahatlaşmalydyr.

Taýýarlan Täçmyrat ATAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.