Ygtybarly binýat
Hormatly Prezidentimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasatyny alyp barýar. Şunuň esasynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy. Munuň özi özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny barha giňeldýändiginiň netijesidir.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bu abraýly wezipä indi birnäçe ýola, özi hem arasy golaý ýyllarda saýlandy. Şeýle jogapkärli wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, mähriban Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda däbe öwrülen strategik gatnaşyklar öz çägini has-da giňeldýär. Birleşen Milletler Guramasy we onyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki eýeleýän işjeň omy hem-de onuň sebit we dünýä möçberdäki meseleleri çözmekde ýardam bermek meýli bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary bu guramanyň çäklerinde giň goldawa mynasyp bolup, olar degişli Kararnamalar bilen berkidilýär.
Bu gün Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşamyksyz eýermek bilen, halkara giňişlikde öz eýeleýän omuny mäkäm pugtalandyrmagy başardy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşmagyny şertlendirdi hem-de daşary ýurtly maýadarlara ýurtda iri taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş sebitde uly ähmiýete eýe bolan taryhy çözgütdir. Döwletimiziň bu hukuk ýagdaýy sebitde özara goşulyşmagy üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Halklaryň bähbidine gönükdirilen şunuň ýaly döwletli işleri amal edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Orazgeldi ATAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.