Badamjan
Badamjan — itüzümler maşgalasyna degişli bolup, esasan, birýyllyk otjumak ösümlikdir.
Onuň miweliginiň düwünçegi üç hanaly. Gülleriniň reňki ak, gök, melewşe, dürli öwüşginli bolýar. Miweleri iri (0,5 kg çenli), goýy garamtyl melewşe reňkli, doly bişenden soň açyk sary, ýaşylymtyl reňke geçýär. Miweleriniň şekili we reňki sortuna, görnüşine baglylykda dürli bolup bilýär.
Badamjanda glýukozasy köp bolan şeker hem-de mineral maddalardan kalsiý, fosfor we demir bardyr. Ol gaýtadan işlenen görnüşinde önümçilikde giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanylan önümler ýeňillik bilen siňýär. Onuň miweleri duzlanyp, sirkä ýatyrylyp, işdäaçar hökmünde giňden ulanylýar. Dürli görnüşli işdäaçarlar we tagamlar adam organizminde gan aýlanyşynyň, gan basyşynyň kadaly bolmagyna hem ýardam edýär.
Taýýarlan Allaberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.