Jykyr
Häzirki zaman gepleşik dilimizde «jykyr» sözüniň bir tigirli, iki tutawaçly ýeňilräk ýükleri daşamak üçin ulanylýan guralyň adyny aňlatmak üçin ulanylýan halatlary hem bar. Ýöne edebi dilimiziň kadalaşyş tertibinde bu söz, esasan, pes ýerden beýik ýere suwy galdyrýan suwhojalyk enjamynyň adyny aňlatmak üçin ulanylýar.
Daş görnüşi boýunça esasan birmeňzeşräk bolmagyna garamazdan, dünýä ýurtlarynda jykyryň ýasalyş we işleýiş babatda özboluşly aýratynlyklary, şol sanda özboluşly atlandyrylyşlary bar.
Jykyrlar, esasan, agaçdan eglip ýasalan tegelek görnüşli çarh we ony saklaýan agaç gurluşlardan ybaratdyr. Şol sebäpli, onuň gadymy Müsürde we Mesopotamiýada «sakiýa» (guýy manysynda), Eýranda we Hindistanda «çarh» diýen atlary ýörgünli bolupdyr.
Pes ýerden akýan derýanyň, emeli derýanyň ýa-da beýleki köp suwly akarlaryň üstünden gurlan äpet çarh suwuň akyş güýjünden täsirlenip, dynuwsyz aýlanýar. Onuň daş gyra bölegine dakylan köp sanly küýzeler, bedreler ýa-da başga görnüşdäki suwy susjy we serpiji gaplar suwdan dolup, ýokaryk çykanynda ýörite oýlanyşykly guralan mehaniki hereket boýunça suwuny kenarda edilen emeli agaç ýa-da daş (beton) ýaba — tokurtga boşadýar. Deňölçegli wagt aralygynda guýlup duran tertipde tokurtganyň suwy dolup akýar we belentde ýerleşýän ekin ýerlerini suwdan gandyrýar.
Jykyrlaryň suw göterijilik beýikligi, esasan, 3-4 metre çenlidir. Has çuň ýerlerden suwy ýokary galdyrmak üçin Merkezi Aziýa sebitlerinde, şol sanda Amyderýanyň akymlarynyň ugrunda jykyrlary işletmek üçin düýe, ýaby ýaly iş mallarynyň peýdalanylýan halatlary hem bolupdyr.
Ýusupgeldi ANNAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.