Ilkinji emeli deryalar
Emeli derýalar (kanallar) adamzat taryhynda iki maksat bilen gurlupdyr. Olar, birinjiden, ekinleri suwarmak, munuň üçin suwuň mukdaryny köpeltmek ýa-da artykmaç gelýän suwy başga ugra sowup, suwuň akyşyny kadalaşdyrmak ýaly maksatlar üçin gurlupdyr. Ikinjiden, iki sany suw ulgamynyň arasyny birleşdirmek bilen, suw ulaglary arkaly ýükleri we ýolagçylary gatnatmak, bu ugurda gysga we amatly ýoly saýlap almak üçin gurlupdyr.
Taryhda ilkinji suwaryş maksatly emeli derýalar biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllygyň ahyrlarynda Mesopotamiýada peýda bolupdyr. Gadymy Müsürde hem çak bilen şol döwürlerde suwaryş ulgamlary döredilip başlanypdyr. Çünki biziň eýýamymyzdan öňki III we II müňýyllyklaryň sepgitlerinde bu ýerlerde suwaryş torlary şeýle giň gerimli ösüpdir. Gadymy Müsürde Gyzyl deňzi bilen Nil derýasynyň Ortaýer deňzine guýýan bir şahamçasyny birikdirýän gämi gatnawly emeli derýa hem gurlupdyr.
Yönekeý emeli ýaplardan tapawutlylykda, emeli derýalary gurmagyň we olary dolandyrmagyň jogapkärçilginiň şol zamanlarda hem döwletiň üstüne düşendigini bellemek bolar.
Häzirki wagtda dünýä derejesinde suwaryş we gämi gatnaw maksatly emeli derýalardan Garagum (Turkmenistan), Sues (Mtisür), Wolga-Don (Russiýa Federasiýasy), Panamo (Panamo) ýaly emeli derýalar meşhurdyr.
Anageldi ÝEGENMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.