In uly taslamalar
Adamzat taryhynda örän iri maliýe we material serişdelerini talap eden taslamalaryň durmuşa geçirilendigini biz bilýäris. Ýöne olardan has ululary haýsylary bolduka?
La-Manş bogazynyň astyndan geçýän iki zolakly ýerasty demir ýol geçelgesiniň (tonneliniň) taslama bahasy 22,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr.
ABŞ-nyň Boston şäherindäki Big Dig ýerasty geçelgesiniň (tonneliniň) taslama bahasy hem yzda süýrenenlerden bolmandyr. 23,1 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu desga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda iň gymmada düşen taslama hasap edilýär.
Şeýle-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän Dubaýlend binasynyň taslama bahasy 76 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Göräýmäge, ol iň gymmat taslama ýaly. Ýöne ol 459 milliard amerikan dollaryna deň bolan Amerikanyň ştatlar arasy awtomagistral ulgamynyň taslama bahasyndan alty esse töweregi arzandyr.
Kerim GELDIBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.