Makalalar

INNOWASION TEHNOLOGIÝALARA DAÝANYP

https://ussatnews.com/storage/posts/2555/original-161c22f95d71d7.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär. Häzir öz ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny dowam etmek bilen, telekeçiler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünim, karz, gümrük we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek barada görkezme berdi. Sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegiň işjeňleşdirmegine uly üns berilýär. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýetiň döwlet bölegini azaltmak boýunça wezipe milli Liderimiziň döwlet eýeçiligi ''yzygiderli hususylaşdyrmak baradaky umumy strategiýasyna girýär, munuň özi hususy ulgamyň ornuny peýdalanmaga ýardam berýär. Hususy işewürligiň kärhanalary möhüm durmuş wezipelerini çözmek bilen, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini amal edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar üçin sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalara üns berlip, olaryň üsti bilen daşary ýurtlardan getirilýän

hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça wezipeler çözülýär.

Döwlet Baştutanymyz işewürler birleşmesiniň öňünde internet arkaly söwdalaşyklaryň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň içinde elektron söwdasy üçin öz meýdançalarymyzy döretmek, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň halkara giňişlikdäki mahabatyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri goýdy. Mälim bolşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleýän hususy kompaniýalar internet söwdasynyň gerimini giňeldýärler, ykjam elektron goşundylary döredýärler, şonuň ýaly-da, öndürilýän harytlary ara daşlykdan ýerlemek üçin meşhur internet meýdançalarynyň mümkinçiliklerinden has-da köp peýdalanýarlar. Telekeçililer döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagaty döretmek hem-de ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň goşulyşýarlar. Şunda ýokary netijeli ekologiýa taýdan arassa önümçilige, ähli pudaklarda sanly ulgamy hem-de tehnologiýa täzeliklerini ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Gülnar KÖMEKOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň mugallymy.

Başga makalalar
168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.