Makalalar

Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplygy durnukly ösüşiñ ygtybarly ýoly

https://ussatnews.com/storage/posts/290/original-15fc1d744b8ac5.jpeg

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna şanly sahypa bolup ýazyldy. Dünýä bileleşiginiň belent münberinden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky rezolýusiýa äleme jar edildi. Hususan-da, Rezolýusiýada seýle bellenýär: “... Baş Assambleýa Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk statusyny ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistanyň bu statusyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, döwlet özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan döwletleri çagyrýar”. Bu rezolýusiýa Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ilkinji syýasy üstünlikleriniň biridir. Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen şol ýylyň 27-ni dekabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda degişli üýgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan gadymy siwilizasiýanyň ýurdy bolan Türkmenistan dünýä üçin giňden açyklygy, beýleki ýurtlar we halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygy bilen hemişelik tapawutlanyp geldi. Açylyk, hyzmatdaşlyga taýýarlyk, ähli täzelikleri kabul edijilik, duşmançylygyň haýsydyr bir ýüze çykmasynyň bolmazlygy, tebigy ýagdaýdaky parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk hem-de kesekiniň pikirine hormat goýmak – biziň halkymyzyň milli edim-gylymynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bu alamatlary türkmen halkynyň özboluşly, özüne mahsus häsiýetnamalary boldy.

Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatyny hemişelik bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda alyp barýar. Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasastymyzyň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr:

- Türkmenistanyň döwlet özygytyýarlylygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak;

- Döwletiň içerki ösüşleri üçin ýokary derejede amatly daşary syýasy şertleri döretmek;

- Halkara diplomatik aragatnaşyklaryň ähli görnüşleriniň üsti bilen Türkmenistanyň bähbitlerini goramak we durmuşa geçirmek;

- Ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we birek-biregi hormatlamak esasynda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek;

- Daşary syýasatynyň halkara hukugyna we BMG-niň Düzgünnamasyna doly laýyk gelmegini üpjün etmek.

Birleşen Millletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji ýubileý sessiýasynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Biziň üçin bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi däldir. Munuň özi işjeň pozisiýany, ylalaşdyryjylyk arkaly halkara proseslerine giňden gatnaşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamakda ýardam bermegi aňladýar. Bu berk parahatçylygy, howsuzlygy berkarar etmek, durnukly ösüş we progres üçin amatly şertleri döretmek maksadynda sebitde we onuň çäginden daşynda bar bolan meseleleri çözmek üçin syýasy platformany bermekden hem ybaratdyr. Biziň dünýä giňişligindäki ädimlerimiziň we esasy başlangyçlarymyzyň esasy many-mazmuny hem şundadyr”.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna ýigrimi bäş ýyl dolýar. Şu geçen ýigrimi bäş ýylyň içinde Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty dabaralandyrmak bilen bagly birnäçe başlangyçlary öňe sürmek bilen halkara derejesinde uly at-abraýa eýe boldy hem-de özüniň ykdysady serişdeler babatdaky potensialyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýandygyna we muňa taýýardygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. 2007-nji ýylyň 10-nji dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýade öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi Türkmen Bitaraplygynyň möhüm üstünligi boldy. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň sebitde çylşyrymly meseleleri çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigini aňlatsa bir tarapdan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna BMG tarapyndan bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda Mertebesi belent Arkadagymyz özüniň çykyşynda sebitde ýüze çykan çylşyrymly meseleleri parahatçylykly, düşünişmek ýollary arkaly çözmekde hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň ýokarydygyna ünsi çekdi.

Soňky ýyllarda hem Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz sebitde, dünýäde asudalygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda netijeli gepleşikleri dowam etdirmek bilen bir hatarda, bu ugurda möhüm tasalamalary anyk işleri durmuşa geçirýär. Ol işler sanardan juda köpdür. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň, Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň, “Demirgazyk – Günorta” halkara demir ýolunyň çekilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyna başlanmagy we beýlekiler Milli Liderimiziň sebitde, dünýäde parahatçylyk, abadançylyk dörediji syýasatynyň ägirt uly üstünlikleridir we ol halklaryň arasynda ylalaşygyň, oňyn hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň hemişelik höküm sürmegine kesgileýji ähmiýete eýedir.

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde onuň hyzmaty”, 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda “Energiýa serişdeleriniň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty”, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda “Halkara Bitaraplyk gününi döretmek hakyndaky” rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi biz üçin buýsandyryjydyr. Geçen döwürde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şu meseleler boýunça 10-dan gowrak kararnamalaryň kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň, onuň milli Lideriniň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmekde uly orny eýeleýändigini görkezýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, soňky 10 ýylyň içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71, hem-de 75-nji sessiýalaryna wise-başlyklygyna saýlandy. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşygynda dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň uly ynamyna we goldawyna mynasyp bolandygy görkezýär. Häzirki wagtda hem ýurdumyz dünýaniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we 50-ä golaý halkara guramalarynyň agzasy boldy. Mundan başga-da Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we beýleki resminamlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen Daşary Işler Ministrligi tarapyndan yzygiderli esasda degişli çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň asudalyk, parahatçylyk, ylalaşykly ýaşamak baradaky iň röwşen arzuwlarynyň, asylly ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmagydyr! Hoşniýetli parahatçylyk söýüjilik syýasaty alyp barmak bilen Ýer ýüzüne dost-doganlyk ýollaryny çekýän, türkmen Bitaraplygyna aýratyn derejede, şan beren hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, adamzat abadançylygyna gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! Türkmeniň Milli baýramy – halkara Bitaraplyk güni gutly bolsun!

Baky NURMUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hukuk fakultetiniň talyby.
Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.