Zeýtun ýagynyň peýdasy
Zeýtun agajyna saglygyň agajy diýilýär. Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetleri bolsa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu iýmit önümi holesteriniň derejesini peseltmekde örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin atereskleroz, ýürek-damar, diabet kesellerinde bu ýag giňden ulanylýar. Şeýle-de zeýtun ýagy sowuklamanyň öňüni almakda, şonuň bilen bagly bedeniň näsazlyklaryny bejermekde örän peýdalydyr.
Zeýtun ýagynda olein we linolin kislotalary bolup, ol A,D,E,K witaminlerine baýdyr. Bu ýag lukmançylykda we halk tebipçiliginde iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrmakda, aşgazan-içege keselleriniň öňüni almakda we bejermekde, immun ulgamyny güýçlendirmekde, garramany haýallatmakda, beýniniň işini kadalaşdyrmakda, şikesleriň we ýaralaryň bitmesini tizleşdirmekde, aşgazanda ýara döremegiň öňüni almakda, süňkleri berkitmekde, onkologiýa keselleriniň öňüni almakda giňden ulanylýar.
Zeýtun ýagy adamyň organizminde ýeňil özleşýär. Bu önüm häzirki wagtda gözellik serişdeleriniň önümçiliginde, bedeniň ýaşlygyny, gözelligini saklamakda giň ulanyşa eýedir. Şeýle-de semizlikden ejir çekýän adamlar üçin hem bu ýag örän peýdalydyr. Lukmanlar zeýtun ýagyny gündelik iýmitde ulanmagy maslahat berýärler.
Kemal BERDIMAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.