Narpyz örän peýdaly ösümlik

Narpyz örän peýdaly we hoşboý ysly ösümlikdir. Ol ýagtylygy, yzgarly we mes topragy halaýar. Narpyz bedeniň köp nähoşluklarynda derman hökmünde ulanylýar. Kellagyryda, garyn-içege, içgeçme, ýürek-damar, öýken, böwrek, bagyr, burun-bokurdak, dümew, sarygetirme kesellerinde narpyzyň peýdasy uludyr. Şeýle-de ol guragyryda, aşgazan şiresinde kislotanyň mukdary köp bolanda, damar çekmede, nerw ulgamyny gowulandyrmakda, ukusyzlygy bejermekde netijeli ulanylýar.
Narpyz, suwarymly ýerlerde, güzerleriň, ýaplaryň gyrasynda ösýär. Narpyzyň uzynja ýapraklary we gülgün reňkli güli bolup, boýy bir metre çenli ýetip bilýär. Häzirki wagtda narpyzyň 25 görnüşi bellidir. Täsin ysly bu ýapraklar lykmançylykda, halk tebipçiliginde, gözellik serişdelerinde, konditerçilikde giňden ulanylýar. Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri dürli keselleri bejermekde, bedeniň saglygyny dikeltmekde we goramakda ulanylýar. Ol gan aýlanyşyny sazlaýar, gan damarlaryny giňeldýär, damar diwarlarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar, aşgazanda ýara döremäniň öňüni alýar, öt haltasynyň işini güýçlendirýär, ýürek bulanmany aýyrýar we başga-da ençeme ýagdaýlarda ulanylýar.
Narpyzyň düzüminde C, B3, B5, B2, B6, B9, A witaminleri agdyklyk edýär. Makroelementlerden kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, mikroelementlerden demir, marganes, sink, mis ýaly wajyp elementler bar. Narpyzy çaýa goşup ulanmak has-da ýörgünli tärleriň biridir. Şeýle dermanlyk çaý ukyny sazlamakda, kelleagyryny köşeşdirmekde, myşsalaryň dartgynlylygyny gowşatmakda, horlanmakda, üsgülewügi aýyrmakda örän ähmiýetlidir. Narpyz dürli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda tagam, ys beriji hökmünde hem ulanylýar. Narpyzyň hoşboý ysy işdäňi açyp, tagamyň has-da lezzetli, peýdaly bolmagyna sebäp bolýar. Jan-saglyk ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr.
Mähri GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.