Aragatnaşygyň möhüm serişdesi

Dil bilmek ähli döwürlerde: adaty durmuşda hem, özara gatnaşyklarda hem möhüm serişde bolup hyzmat edipdir. Häzirki zaman ösen tehnologiýalary, ykdysadyýetiň, senagatyň göze ilmez çaltlyk bilen täze-täze sepgitleri eýeleýän zamanynda aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolan diliň we dil biliminiň öňünde täze-täze möhüm wezipeler açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä dillerinden suwara bolmaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda okuw sapaklary iňlis dilinde guralýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylmagy bu ugurda öňe ädilen ynamly ädimleriň biridir. Şeýle-de, orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň ýörite ders hökmünde okuw meýilnamasyna girizilmegi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Mälim bolşy ýaly, dili, şol sanda daşary ýurt dillerini öwretmegiň birnäçe ugry bardyr. Olaryň biri ýaşlara dili gönüden-göni hünäri, ýagny daşary ýurt dili mugallymy, terjimeçi, dili ylmy taýdan öwreniji hökmünde öwretmek, beýleki bir ugry bolsa daşary ýurt dilini talyp ýaşlara öz öwrenýän esasy hünärleri bilen ugurdaş hünär hökmünde öwredilmegidir.
Häzirki zaman ösen dünýäsi, ösen adamzat jemgyýeti dili diňe bir gündelik gepleşigiň, çeper edebiýatyň, publisistikanyň serişdesi bolmakdan ösen tehnologiýalaryň, ösen ykdysadyýetiň we senagatyň serişdesine öwürdi. Ol ýa-da beýleki takyk, tebigy ýa-da ynsanperwer ugurlar boýunça ýokary hünär bilimini ele almak, şol sanda daşary ýurt dilinde ele almak milli hünärmenlerimize öz alan hünärleri babatda dünýä tejribesine has içgin aralaşmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hünärmenleri bilen erkin pikir alyşmaga, bu ugurda milli tejribäniň gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligjne has giňden ýaýmaga mümkinçilik berer.
Häzirki ajaýyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň başda durmagynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysadydy, medeni babatda we beýleki ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlarynyň barşynda döwlet Baştutanymyza tebigy baýlyklarymyz bolan nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň ýüze çykarylandygy barada hoş habarlar buşlandy. Şonuň ýaly-da, türkmeniň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutar çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Umumadamzat maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.
Şular ýaly dünýäniň ajaýyp ykdysady we medeni geljegi bilen bagly möhüm ýurt habarlarynyň dünýä dillerinde umumadamzat jemgyýetçiligine ýetirilip durulmagy dünýäniň Garaşsyz ýurdumyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşaýan agzybir, jebis halky, döwletimiziň hoşniýätli goňşuçylyk gatnaşyklary barada has-da giňden habarly bolmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösmegine mümkinçilik berer.
Ýakup ORAZGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.