Nar — peýdaly iýmit
Nar gadymy ösümlikleriň biridir. Onuň peýdasy hakynda Gippokrat, Lukman Hekim giňişleýin ýazypdyr.
Nar askorbin turşusyna we B witaminler toplumyna baýdyr. Onuň düzümindäki natriý böwregiň işini kadalaşdyrýar we aşgazan suwuklygynyň bölünip çykmagyna kömek edýär. Häzirki zaman lukmançylygy naryň umumy gurplandyryjy, içgeçmäni, gany durzujy, ýarany bitiriji, mugthorlary öldüriji we gyzgyn aýryjy täsiriniň bardygyny tassyklaýar. Naryň gabygy içgeçmäni duruzmak üçin, bagyr, böwrek, içege kesellerinde ulanylýar.
Nar witaminlere we ýokumly maddalara baýdyr. Geçirilen gözlegler naryň gan basyşyny peseltmekde we gandaky şeker derejesini azaltmakda peýdalydygy ýüze çykaryldy. Ter nar süýümiň çeşmesidir, ol horlanmagy, holesterini peseltmegi we iç gatamagy ýeňilleşdirýär. Nar gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar, ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, damarlaryň diwarlaryny berkidýär. Naryň şiresi işdäni açyp, onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bar. Iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk bolan adamlar nar iýmezden öň lukman bilen maslahatlaşmalydyr.
Ýakupberdi HAKDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.