Peýdaly maslahatlar

Gök çaýyň peýdasy

https://ussatnews.com/storage/posts/3086/original-1622da86fb2274.jpeg

Gündelik iýmitiň düzüminde çaýlaryň dürli görnüşleri yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň arasynda gök çaýa aýratyn ähmiýet berilýär. Gök çaýyň peýdaly taraplary geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde subut edildi.

Hytaýly alymlaryň geçiren barlag netijelerine görä, dürli keseller bilen kesellän 100 müňden gowrak adam 2 topara bölünip, birinji topara hepdede azyndan 3 gezek gök çaý berildi, beýleki topara bolsa beýleki içgiler hödürlendi. 7 ýyllyk barlagdan soňra, gök çaý içen adamlarda ýürek-damar keselleri bilen kesellemek 20 göterim azalyp, şeýle keselleriň alamatlarynyň hem azalandygy mälim edildi.

«Suonsi»-si uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary gök çaýyň düzüminde COVID-19-a garşy göreşmekde peýdaly maddany ýüze çykardylar. Bu gözlegiň netijesi «RSC Advances» žurnalynda çap edilipdir. Gök çaý adamyň kognitiw ukyplaryna oňat täsir edýär. Şweýsariýadaky Psihiatriki uniwersitet klinikasynyň hünärmenleri gök çaýyň beýniniň saglygyna täsirini barlagdan geçirdiler. Netijede, gök çaý psihiki bozulmalaryň, akyly gowşaklygyň bejergisinde kömek bermäge ukyplydygy anyklanyldy.

Gök çaýyň dürli görnüşleri bar. Onuň düzüminde 300-den gowrak himiki elementler bolup, uglewodlar, beloklar, witaminler, kalsiý, magniý, marganes, natriý we beýleki birleşmeler ýüze çykaryldy. Şonuň üçin hem gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamyna oňaýly täsir edýär.

Daýanç HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.