Sementiň alnyş taryhy
Şu günki gün gurluşyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeleri sement materialy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýöne ol gadymy eýýamlarda hem iň esasy gurluşyk materialy hökmünde peýdalanylypdyr. Diňe gadymyýetde onuň alnyşy häzirki wagtdakydan belli bir derejede tapawutly bolupdyr.
Gadymy Rimde sementden peýdalanyp ägirt uly gurluşyklary alyp barypdyrlar. Olar ýelmeşiji maddany ilkinji bolup oýlap tapypdyrlar. Elbetde, onuň esasy goşundysy bolan heki (izwest) biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrlarda oýlap tapypdyrlar. Ýakylan heki Wezuwiýe patlawugynyň küli bilen garyp, rimliler hatda suwda hem ýuwulmaýan, eremeýän berk gurluşyk materialyny alypdyrlar. Şeýlelikde, ilkinji gidrawlik sement peýda bolupdyr. Munuň şeýledigini bilmek üçin şu günki döwürde Kolizeý we Rim Forumy binalaryna aýlanyp görmek ýeterlikdir.
Beýik Hytaý diwary köp asyrlaryň dowamynda gurlup we bölekleýin tertipde gaýtadan gurlup durupdyr. Ýöne XIV — XVII asyrlarda dowam eden Minler nesilşalygy döwründe ýakylan hek bilen gaýnadylan bürünjiň (tüwiniň) goşulmagyndan emele gelen sement bilen berkidilensoň, ol hemişelik berklige eýe bolupdyr.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.