Sarymsak — kän derdiň dermany
Bir gezek alyslarda galan ahwalatlary, pursatlary ýatlap otyrkam, goňşy gyzjagazyň keşbi göz öňümde janlandy. Onuň köýneginiň ýakasyndan iňňebagjyk geçirilen bir diş sarymsak aýrylmazdy. Biz oňa geň galyp serederdik. Men gyzjagazyň näme üçin sarymsak göterýändigini ejemden soranymda, ony sowuklamadan, göz-dil degmeginden goraýan zat hökmünde dakýandyklaryny düşündiripdi.
Eýsem, şu pikir ugrunda barmyka?
Golaýda men Russiýada neşir edilýän «ZOJ» gazetinde sarymsak hakda ýazylan makalany okadym. Onda halkymyzyň bu bakja ekinini ulanyşy barada täsirli gürrüň edilýär.
Güýz, gyş pasyllarynyň gelmegi bilen howa häli-şindi üýtgäp durýar. Şonuň netijesinde hem sowuklama, dümew keselleri döreýär. Bu pasyllaryň öňüsyrasynda içinden adaty sapak geçirilen 3-5 diş sarymsagy hünji şekilinde döş kapasasynyň öňüne çenli ýetirip, boýnuňdan asyp gezmek maslahat berilýär. Ony ýatjak ýa-da suwa düşjek mahalyň aýyrmaly. Makalada sarymsakdan edilen hünjiniň körpeler üçin has-da peýdalydygy nygtalýar.
Men makala bilen tanşanymdan soňra aýdylýan zatlary öz iş tejribämde ulanyp görmegi makul bildim. Günleriň birinde ýaş ýetginjek maňa ýüz tutdy, bukawlyk bilen döş kapasasynyň birigýän ýerinde, çep tarapda çiş döräp, öte agyryp, azar berýän eken. Ony rentgene düşürip, süňkleriň abatdygyny, diňe kikirdewügiň sowuklandygyny anykladyk. Men syrkawa sarymsak hünjüsini dakynmagy maslahat berdim we netijesini aýtmagyny haýyş etdim. Ol iki günden soňra maňa jaň etdi, sarymsak hünjüsini dakynan güni gijesine oňat uklandygyny, sanlyja wagtdanam çişiň, agyrynyň aýrylandygyny habar berdi.
Sowuklama we demgysma kesellerinde sarymsagy mesge ýagyna ýa-da goýnuň guýruk ýagyna garyp, kükregiňe çalsaň, oňat netijesini berýär. Onuň bir dişini çeýneseň, agyz boşlugyndaky ähli mikroblary ýok edýär. Sarymsak gan basyşyny hem kadalaşdyrýar.
Hawa, biziň ata-babalarymyz keremli topragymyzdan önýän dürli ot-çöpleri, miweleri tebipçilikde giňden ulanypdyrlar. Olary ýerini bilip ulansaň, derdiňe derman bolýar.
Rejepguly MAŞADOW,
Balkanabat şäheri, trawmatolog lukmany.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.