Makalalar

Iň güýçli jandarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/3177/original-162433eeaadab2.jpeg

Tebigatda iň güýçli jandarlar haýsylarka? Eger-de olary özboluşly sport çäresinde, meselem, agramlyklary götermekde özara bäsleşdirip bolsady, onda biz, megerem, dünýäde iň gyzykly sport-şowhunynyň şaýady bolardyk.

Ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda gaplaň özüniň 550 kilograma ýetýän agramy bilen özünden iki esse agyr bolan awuny awlap we ony göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Alajagaplaňyň (leopard) hem ukyplylygy gaplaňyňky ýalydyr. 01 hem öz agramyna iki esse agyr gelýän awuny göterip agaja dyrmaşyp bilýär. Ýöne bu ukyby oňa hem haýwanlaryň arasynda iň güýçliniň ornuna geçmäge mümkinçilik berenok.

Hindi piliniň göterip bilýän ýüki birnäçe tonna barabar, Ýöne ol onuň öz agramyndan, bary-ýogy, 1,7 esse artykdyr.

Öküz (wol) agaja çykyp bilmeýär. Şol sebäpli onuň güýjüni näçe agramlygy süýräp çekip bilýänligi bilen ölçeýärler. 01 900 kilogram agramlygy süýräp çekip bilýär. Bu bolsa onuň öz agramyndan 1,5 esse artykdyr.

Hakyky güýçli jandar diýip garynja aýtsaň. Onuň agramy ujypsyzja diýjeksiňiz, ýöne adaty garynjanyň özüniň şojagaz ujypsyzja agramyna 20 esse artyk gelýän, käbir görnüşiniň bolsa 50 esse artyk gelýän ýüki çekip bilýändigini bilseňiz, siz oňa dünýäde iň güýçli jandar diýip baha bererdiňiz. Ýöne bu-da hemmesi däl.

Kerk-tomzak (žuk-nosorog) öz gabarasyna 850 esse artyk gelýän uly agramlyklary, ders togalaýan tomzak bolsa öz agramyna 1140 esse artyk gelýän ýükleri çekip bilýär.

Ine, iň güýçli haýwanlar nirede eken.

Serdar GELDIMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.