Dünýäde iň gaty agaçlar
Gatylyk ölçegi hökmünde «dub ýaly», «dubdan ýasalan ýaly» diýen deňeşdirmeler ulanylýar. Eýsem dünýäde iň bir gaty agaç diňe dub agajymyka?
Häzirki döwürde agaçlaryň gatylyk derejesi dürli usullar bilen ölçelýär. Ýöne agaçlaryň ählisi üçin umumy bolan ölçeg dykyzlyk ölçegidir. Agaçlaryň gatylyk derejesine görä olaryň haýsyny nirede ulanmak boljakdygy kesgitlenilýär.
Ak akasiýa dünýäde ösýän agaçlaryň arasynda iň bir gatylaryň sanawyna girýär. 01 Demirgazyk Amerikadan Ýewropa gelip düşen ösümlik görnüşi hasap edilýär. Ady ylmy dilde «ýatoba» diýlip tanalýan brazil ükjesi hem gatylykda ak akasiýanyň «ökjesini sydyrdyp» barýan agaç hasap edilýär. Bu üljäniň adaty üljeler bilen hiç hili umumylygy ýokdur. Şeýle-de, Günorta Amerikada ösýän sukupira agajy iň gaty agaçlaryň sanawyny artdyrýar. 01 diňe bir gaty agaç däl-de, eýsem owadan bezeg bagy hem bolup bilýär.
Bu sanawy şulardan soň Afrika amaranty, Kanada klýony, Awstraliýa ewkalipti we şondan soň dub, ýasen, buk agaçlary bilen uzaltmak mümkindir. Gaty agaçlar gaýtadan işlenilip, pol, parket, mebel ýaly gurluşyk önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar.
Nurýagdy HAÝYTMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.