Makalalar

«Gara altynyň» gymmaty

https://ussatnews.com/storage/posts/3184/original-1624371ce4fbd9.jpeg

Soňky döwürde dünýä bazarynda «gara altynyň» gymmatynyň artýandygyny bellemeli. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.

Türkmenistanda bu gymmaty artýan çig nebiti ýurdumyzda kuwwatly, iri önümçilik-hojalyk toplumy hasaplanylýan «Türkmennebit» döwlet konserni çykarýar. Ol häzirki wagtda Watanymyzyň gury ýer çäklerinde ýerleşýän, takmynan, 30-dan gowrak nebitgazly känleri işläp geçýär we olardan çykarylýan önümi ýygnap, harytlyk görnüşinde taýýarlap, sarp edijilere ugradýar. Gymmaty artýan we ýurdumyzyň ykdysadyýetini saldamly goldaýan çig nebitiň çykarylýan depginini güýçlendirmek maksady bilen, häzirki wagtda konsern tarapyndan önümçilige köpugurly innowasion çözgütli çäreler ornaşdyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berer. Bu kabul edilen Maksatnamalarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlary bilen bir hatarda, nebit pudagyny hem ösdürmeklik göz öňünde tutulan.

Bilşimiz ýaly, pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri onuň çig mal binýadyny artdyrmak bolup durýar. Bu babatda, ýagny konsern bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýakynda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda gury ýerde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda sebitde çuň hasaplanylýan, çuňlugy 7000 metrden geçýän guýularyň birnäçesini gazyp, olardan nebit gatyşykly kondensatyň we tebigy gazyň uly möçberini aldy. Häzirki wagtda bu meýdançada barlag-ulanyş guýularyny gazmak işleri dowam etdirilýär.

Bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan täze nebitli gatlaklary we känleri gözläp tapmak hem-de olary özleşdirmek boýunça Günbatar Türkmenistanyň gury ýer çäklerinde ýerleşýän, nebite hem-de gaza geljegi bar diýlip hasaplanylýan Günorta Garadaşly, Demirgazyk Ekerem, Günorta Atjan, Aýdogdy, Batgalyýer, Kalaus, Günorta Beňňuwan, Garmar, Hasardag, Günorta Eýşem, Çukurçy, Gündogar Körpeje we Nogaý meýdanlarynda geologiýa gözleg-barlag gazuw işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Gözleg-ulanyş maksatly gazylýan täze guýularyň gazuw wagtyny tygşytlamak we olaryň hilini gowulandyrmak, önüm çykarýan hem-de önümliligini peseldýän guýulary has oňaýly mehaniki usullara geçirmek, şeýle hem dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýularda has çylşyrymly ýerasty we düýpli abatlaýyş işleri önümçilige has oňaýly innowasion çözgütli enjamlary, tehnikalary, dürli himiki erginleri hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem kenarýaka zolakdan kese we ýapgyt sütünli guýulary gazmak arkaly Hazar deňziniň türkmen bölegine degişli suw ýalpaklygyndaky önümli gatlaklary özleşdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hazar deňzinde, takmynan, iki döwletiň aralyk zolagynda ýerleşýän «Dostluk» nebitgazly känini goňşy Azerbaýjan döwletiniň hünärmenleri bilen bilelikde özleşdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere-de konserniň hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar.

Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawyň esasynda, konsern tarapyndan halkara bäsleşigini yglan etmek arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan, ýokary hilli, döwrebap XJ-450 we XJ-650 enjamlarynyň we tehnikalarynyň jemi 16 toplumyny satyn almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu enjamlary we tehnikalary ulanmak bilen, ýakyn wagtlarda dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän hem-de petiklenmegine garaşylýan ulanyş guýularynda has çylşyrymly ýerasty we düýpli abatlaýyş işleri amala aşyrylyp başlanar. Şeýle hem Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda gury ýerde ýerleşýän, ýakynda üsti açylan Uzynada gazkondensatly käni senagat taýdan ulanyşa giriziler.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konsernine Goturdepe nebitgaz käninde guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki elin hyzmatlary amala aşyrmak barada Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öň baglaşan Şertnamasyna laýyklykda, Goturdepe käninde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça Ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek, nebit önümçiligine häzirki zaman innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly täze önümli gatlaklaryň, känleriň üstüni açyp, özleşdirip, nebitiň çig mal binýadyny artdyrmagyň hem-de ýokary hilli guýulary öz wagtynda gazyp, ulanyşa girizmegiň netijesinde gazyň we çig nebitiň kondensat bilen bilelikdäki çykarylýan möçberini talap edilýän derejede saklamak hem-de ony artdyrmak maksady bilen nebit önümçiliginde köpugurly çäreleri durmuşa geçirýär.

Ramazan UDUMOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit pudagyny seljeriş we innowasion tehnologiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Başga makalalar
166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.


166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.

1667939b220dcd.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi.


16671c2f3577bf.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy.