Peýdaly maslahatlar

Otagy güller bilen bezemek

https://ussatnews.com/storage/posts/3203/original-16247f46831fba.jpeg

Öýüň, iş otagynyň güllerden emele getirilen içki bezegi gurluşyk bezeglerinden kem bolmadyk möhüm zerurlyk hasap edilýär. Yöne güller bilen bezemegiň ýerine düşmegi üçin otagyň ilki bilen gurluşyk bezegini hem meýilleşdirmek maslahat berilýär. Çünki ol otagyň arassaçylyk, ýerbe-ýerlik, gözellik häsiýetnamasyny emele getirmek bilen, otagdaky adamlaryň iş we döredijilik keýpine ýakymly täsir edýär. Içerde tämiz howa gurşawyny döredýär.

Otaglaryň içki görnüşini emele getirmekde, ozaly bilen, otagyň haýsy maksatlara niýetlenendigi, penjireleriniň ýerleşişi we sany, Gün şöhlesiniň düşüş mukdary ýaly görkezijiler hasaba alynýar.

Öýüň içki görnüşini emele getirmek üçin otagyň tutuş içki meýdany, esasan, iki uly bölege: ýyly hem-de sowuk reňkler ulanylyp bezelen böleklere bölünýär. Ýyly bölege, esasan, gyzyl, mämişi, sary, benewşe reňkler mahsusdyr. Sowuk bölege ähli gök, mawy, pöwrüze, siren reňkler häsiýetli bolýar.

Tebigy ýagtylygyň az düşýän otaglarynyň içine, esasan, ýyly reňkleri ulanmak maslahat berilýär. Penjiresi günorta açylýan otaglarda sowuk repkleri ulanmak ýerlikli hasap edilýär. Yöne penjiresi demirgazygä bakýan otaglaryň bezeginde gök, mawy rekleri ulanmazlyk maslahat berilýär.

Şeýle tertipde oňarylan otaglarda gülleriň bezeginden ýaşamak üçin oňaýly gurşawy emele getirmek mümkindir.

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.