Dünýäde ilkinji ýüzýän şäher gurlar
Ol Günorta Koreýanyň kenar ýakasynyň düýbüne demir tanaplaryň kömegi bilen berkidiljek köp sanly nowalardan ybarat bolar.
«Oceanix City» ýüzýän şäher 2025-nji ýyla çenli taslamanyň ýolbaşçylary «Oceanix»-iň bezegçileriniň, Pusan şäheriniň wekilleriniň we BMG-niň Ilatly punktlar boýunça agentliginiň (BMG-Habitat) arasyndaky ylalaşyk boýunça gurlar. Bu hakda «Daily Mail» habar berýär. Taslama 200 million amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar.
Şäher jaýlaryň üçeginde ýerleşen Gün panelleri arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün ediler, şeýle hem öz çäginde iýmit we agyz suwuny öndürer. Bu ýerde ýaşaýjylary bir adadan beýleki ada geçirmek üçin futuristik gaýyklar hereket eder. Suw basma, sunami, tupan turma ýaly tebigy betbagtçylyklar bu şähere zyýan ýetirip bilmez, çünki ýüzüji nowalar deňziň düýbüne berk berkidiler.
Gök önümler fermalarda we ýyladyşhanalarda aeropon we akwapon ulgamlaryň kömegi bilen ýetişdiriler. Aeropon ulgamy — bu howa gurşawynda toprak ulanman ösümlik ýetişdirmek. Akwapon ulgamy — bu oba hojalygyny alyp barmagyň ýokary tehnologik usuly bolup, üç hökmany şerte daýanýar: suw haýwanlary, ösümlikler we bakteriýalar.
Şäher gurluşygynda, esasan, çalt ösýän bambuk ýaly ýerli materiallara üns berler.
Taýýarlan Oguldürli TAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.