Arkadagly zamanama guwanyp
Ýurdumyzda kada öwrülen asylly däp boýunça üstümizdäki ýylyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi her bir ildeşimiziň göwnüni joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Islendik kärde zähmet çekýän raýatlarymyz bu ajaýyp şygarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljekki ösüşleri üçin özüniň goşmaly mynasyp goşandyny görýär.
Ajaýyp şygaryň çuňňur many-mazmuny barada oýlananyňda, halkymyzyň, döwletimiziň mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýeten ösüş derejesi, ýurdumyzda höküm sürýän asuda, parahat, bagtyýar durmuşymyz, dünýä döwletleri we halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz aňyňda janlanýar. Geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeni-syýasy durmuşynda uly üstünlikler gazanyldy. Paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti, şonuň ýaly-da, gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahaty we işewürlik forumy geçirildi. Onda sebitiň ýurtlarynyň ykdysady bähbitleri we medeni ösüşleri babatda möhüm meselelere garaldy we anyk çözgütler kabul edildi.
Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan tertipde dünýäde hiç bir harby maksatly birleşiklere we bileleşiklere goşulmaýar. Şeýle hem döwletleriň, ýurtlaryň arasynda ýüze çykýan meseleleriň her birini gepleşikleri geçirmek ýoly bilen çözmek babatda başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz islendik döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyklar üçin açykdyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tarapyndan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ylym, bilim, medeniýet babatda gatnaşyklar dünýä nusgalyk derejelere çykýar. Dünýäniň ösen ýurtlary bilen ýokary we ýörite orta hünär bilimleri babatda talyplary özara alyşmak, ýaşlarymyzyň dünýäniň abraýly okuw mekdeplerinde okap, zamanabap bilimleri ele almaklary iň bir buýsandyryjy ýagdaýlardyr.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.