Makalalar

Perzentlerim siz

https://ussatnews.com/storage/posts/3437/original-16272bf85279bf.jpeg

Perzentlerim siz

Gül ömrümiň nurdan doly çyragy,

Sizden görke gelýär ýaşaýşyň çogy,

Siz meniň ömrümiň gül açýan bagy,

Şol bagyň miwesi perzentlerim siz,

Yhlasym siňdiren perzentlerim siz!

***

Heriňizde görýän ajap bir many,

Ömrümiň şuglasy ýalkymly aýy,

Bagtyýar ýaşaýşyň boluň dowamy,

Ojagmyň manysy perzentlerim siz,

Geljegmiň dowamy perzentlerim siz!

***

Sarpalap beýgeldiň manyly döwri,

Güllediň, özgerdiň berilen ömri,

Buýsansyn ataň hem enäniň kalby,

Bagtymyň manysy perzentlerim siz,

Ykbalymdan paýym perzentlerim siz!

***

Halallygy ýol ediniň bu ömre,

Nusga bolup siňiň manyly döwre,

Sözüm soňlap aýtsam, arzuwym size,

Atadyr enäni buýsandyryň siz,

Mydam ýaşaýşymy nurlandyryň siz!

Goňşulam

Dünýä inip gözüm açyp,

Ýagty dünýä nurum saçyp,

Çagajykkam bagra basyp,

Yhlas siňdiren goňşulam.

***

Aýak bitip ylganymda,

Göwnüm, kalbym çaglanymda,

Kä ýykylyp aglanymda,

Medetkär bolan goňşulam.

***

Agzybirdir tutuş syrgyn,

Bir-birine baglap kalbyn,

Jebislige besläp döwrün,

Asuda ýaşan goňşulam.

***

Biri aga, biri ini,

Hormatlaýar bir-birini,

Parahatlyk ýörelgäni,

Nusga edinen goňşulam.

***

Sagym sorap, solym gorap,

Bitew bir maşgala meňzäp,

Kökün urup, syrgyn gurap,

Jebis ýaşaýan goňşulam.

***

Ýasym tutup, toýum toýlap,

Şatlygyny dünýä paýlap,

Okarada tagam aýlap,

Tagam dadyşan goňşulam.

***

Siziň üçin düzdüm goşgym,

Size açyk köňül köşgüm,

Altmyşda-da ýürek yşgym,

Sowamaz size, goňşular.

Myratmuhammet MYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.