Gadamy batly gazçylar
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler ilaty we edara-kärhanalary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Edaranyň gazçylary häzirki döwürde etrabyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, meýilnama esasynda öň bar bolan gaz geçirijileriň kuwwatyny artdyrmak we zerur ýerlerini abatlamak ugrunda hem möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Bu işlerde aýratyn hem edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirýän işleri maksada okgunlylygy bilen häsiýetlidir. Bu ugurda şu ýylyň deslapky dört aýynyň dowamynda etrabyň dolandyryş merkezi bolan Gurbansoltan eje şäheriniň Diýar köçesiniň ugrunda ýerleşýän hem-de Ak altyn geňeşliginiň Täze ýol, Gamyşly obalaryndaky göwrüminiň ululygy 219 millimetre barabar bolan gaz geçirijileri düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilen işler geljekde ýerli ýaşaýjylaryň gymmatly «mawy ýangyja» bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu babatda gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Allamyrat Ysmaýylow bilen başlanan söhbetdeşligimiziň dowamy häzirki wagtda edaranyň gazçylarynyň alyp barýan wajyp işleri baradaky gürrüňlere ulaşyp gitdi.
— Edaramyzyň gazçylarynyň hyzmatyndan etrabymyzyň 24 müň 670-e golaý hojalygynyň peýdalanýandygyny turuwbaşdan belläp geçesim gelýär. Şeýle hem edaramyzyň işçi-hünärmenleri tarapyndan bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 1220 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 520 sanysyna ýokary derejede hyzmat edilýär. Şol gaz ulgamlarynyň we enjamlaryň gije-gündiziň dowamynda saz işlemeginde edaramyzyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň her biriniň mynasyp paýy bar. Olar bitewi gaz ulgamlarynyň zerur bolan ýerleriniň durkuny täzeläp, düýpli abatlaýyş işlerini alyp barmakda hem ýokary işjeňlik görkezýärler. Aýratyn hem gullugyň ussasy Gurban Baýjanowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan elektrik bilen kebşirleýjiler Baýry Täjiýew, Çary Nurjyýew, abatlaýjy slesarlar Gadambaý Gutlymyradow, Nurýagdy Baýryýew, «Zil» we «Gaz-53» kysymly awtoulaglaryň sürüjileri Baýram Ataýew, Maksat Öwezow, «T-40» görnüşli kebşirleýji enjamy çekýän traktora erk edýän Saparbaý Amanow dagynyň ýerine ýetirýän işlerinden ýaşaýjylaryň hoşaldygyny aýdasym gelýär — diýip, A.Ysmaýylow hoşallyk bilen gürrüň berýär.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.