Gara sarymsak peýdalymy?
Adaty sarymsak gündelik iýmitimizde ýygy ulanylýan önümleriň biridir. Siz gara sarymsak barada eşitdiňizmi? Bu üýtgeşik düzüm çig ýa-da adaty sarymsakdan alynýar we täze sarymsak ýaly ähli peýdaly täsirleri özünde saklap, ýüregiň saglygyny saklamakda aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, olaryň arasynda ýeterlik tapawutlar bar. Mysal üçin, gara sarymsakda antioksidantlaryň konsentrasiýasy köp bolup, ol has üýtgeşik gurluşy, ajaýyp tagamy we ysy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, gara sarymsak süýji tagamy, lezzetli ysy bilen haýran galdyrýar we ony öý şertlerinde taýýarlamak mümkindir.
Gara sarymsagyň döreýiş taryhy öz gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýar. Ol gadymy wagtlarda koreý, taýland aşhanasynda meşhur bolup, ondan dürli tagamlar, kuwwatlandyryjy içgiler taýýarlanypdyr. Häzirki zaman aşhanasynda gara sarymsak 10-12 ýyldan bäri ulanylýar. Täsin önüm esasan-da, restoranlarda, ýöriteleşen aşhanlarda giňden peýdalanylýar.
Gara sarymsak belli bir temperaturada we çyglylykda uzak möhletli fermentasiýa arkaly alynýar. Önümde köp mukdarda, ýagny adaty sarymsaga garanyňda, iki esse artyk antioksidantlar saklanýar, şeýle-de ol antibiotik häsiýetlere eýe bolup, sowuklamada we immuniteti ýokarlandyrmakda peýdalydyr.
Gara sarymsakda sink, natriý, mis, uglewodlar, kaliý, magniý, fosfor, aminokislotalar, kalsiý we witaminleriň konsentrasiýasy nusgawy sarymsakdan epesli ýokarydyr. Şeýle hem önümiň gan basyşynyň derejesini durnuklaşdyrmaga gatnaşýandygy we ýürek-damar keselleriniň döremek howpunyň öňüni alýandygy ylmy taýdan subut edildi. Mundan başga-da, täsin sarymsak bedendäki öýjükleri dikeldýär we bagyry arassalaýar, duzlaryň we suwuň deňagramlylygyny saklaýar.
Guwanç MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.