Dünýänin iň ýagty yşykly şäherleri
Dünýaniň şäherleri häzirki zaman ösüşleriniň dürli ugurlary boýunça ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýarlar. Gijeki yşyklandyrylyşy babatda görkezijiler olaryň arasynda iň möhümleriniň biridir. Çünki şäheriň yşyklandyryşy baýlygy, ozaly bilen, ýurduň elektrik energiýasy we gurluşyk babatda kuwwatlygyny görkezýär.
Eýeleýän meýdanynyň о diýen uly däldigine garamazdan, dünýäde yşyklandyrylyşy babatda ilkinji orunda durýan şäher Las-Wegas şäheridir. Ol ABŞ-nyň Newade ştatynyň Mohawe sähralygynda ýerleşýär. Garaňky düşmegi bilen, şäheriň 80 inedördül mil meýdanynda neon elektrik torunyň 24 müňisi ýakylýar. Şäheriň eýeleýän 352 inedördül kilometr umumy meýdanyna we 634 müň 773 adamdan ybarat ilatyna baglylykda, bu örän uly görkezijidir. Diňe şondan soň, yşyklandyryş kuwwalygy babatda dünýäniň meýdany babatda iri şäherleri bolan Nýu- Ýork (ABŞ) sanawda ikinji orny, Pariž (Fransiýa) üçünji orny, Tokio (Ýaponiýa) dördünji we Mehiko (Meksika) bäşinji orunlary eýeleýär.
Geçirilen gözegçilikler Ýewropanyň ilatynyň 98 göterime golaýynyň hatda bulutsyz howaly gijelerde hem ýyldyzlary kynçylyk bilen saýgaryp bilýändigini anyklapdyr. Çünki şäher yşyklarynyň güýçli ýagtysy gijeki asmana solgun-mämişi öwüşgin çaýýar eken.
Çarymyrat MUHAMMETWELIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk Institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.