Sagdyn horlanmak
Kabul edilýän iýmitiň kaloriýasy sarp edişden artyk gelse, bedende artykmaç agram, semizlik peýda bolýar. Sarp edilmeýän energiýa bedende ýag görnüşinde ýygnalyp, wagtyň geçmegi bilen howply keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Ylmy maglumatlara görä, semizlikden ejir çekýän adamlaryň diňe 5 göterimi artykmaç agramdan özbaşdak dynyp, ony gerekli derejede saklap bilýär. Horlanmak üçin dürli görnüşli berhizler, ýörite düzülen iýmit rejeleri, fiziki hereketler ulanylýar.
Häzirki döwürde dünýä ilatynyň agramly bölegi semizlikden ejir çekýär. Olaryň köpüsi horlanmak üçin derman serişdelerini ulanýarlar. Şeýle derman serişdeleri horlanmakda peýdaly bolup biler, ýöne olary oýlanyşykly, lukman bilen maslahatlaşyp ulanmak ýerliklidir. Şeýle dermanlaryň hatarynda ýag ýakyjy häsiýetli serişdeler bar. Olar ýaglaryň bölünmegini çaltlaşdyrmaga we energiýa sarp edilişini ýokarlandyrmaga ukyplydyr, käbirleri bolsa dokumalarda ýagyň emele gelmegini saklaýar. Şeýle-de bolsa, çylşyrymly düzümi sebäpli bu serişdeleri kän ulanmak maslahat berilmeýär.
Merkezi hereket edýän dermanlar (anorektika) gönüden-göni nerw ulgamyna täsir edýär, doýma merkezini işjeňleşdirýär we açlyk merkezini saklaýar. Bu serişdeler ýiti täsir ediji bolup, ýaramaz netijeleri bilen bellidir. Şonuň üçin olar lukmanyň görkezmesi boýunça kabul edilýär, käbir ýurtlarda bolsa olar gadagan edilendir. Bulardan başga-da artykmaç agramdan dynmak üçin ulanylýan derman serişdeleriniň görnüşleri köp, muňa garamazdan lukmanlar tebigy ýagdaýda horlanmagy maslahat berýärler.
Horlanmak üçin ylgaw, suwda ýüzmek, hereketli oýunlar, gimnastika ýaly fiziki işjeňlikler peýdalydyr. Şunda sport bilen meşgullanmagyň mukdary däl-de, yzygiderligi wajyp orny eýeleýär. Oýlanyşykly, yzygiderli ýola goýlan berhiz, şeýle-de sportuň ýeňil görnüşleri bilen meşgullanmak, peýdaly, az kaloriýaly önümleri ulanmak, maksadaokgunlylyk garaşylýan netijäni gazanmakda esas bolup durýar. Lukmanlar bedeniň öwrenişen ýaşaýyş-durmuş tertibini gysga wagtda däl-de, dowamly, tapgyrlaýyn üýtgetmegi maslahat berýärler.
Saparmyrat BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.