Makalalar

Sözüň güýji bilen arşa galan beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy

https://ussatnews.com/storage/posts/3552/original-16284d3c4c7457.jpeg

Türkmeniň beýik akyldary,şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy umumyadamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi - türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmeniň kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, öz halkyna beren, türkmeni bir döwletlilige ilkinji bolup çagyran beýik Pyragydyr.

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, “Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bitewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar.”

Dana şahyrymyzyň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

-diýip, berkarar döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar Türkmen döwleti öz häzirki Bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly atamyz şamçyrag bolup şugla saçýar.

Magtymguly Pyragynyň bize galdyryp giden bahasyz mirasyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi her birimizi buýsandyrýar. Şonuň ýaly-da, üstümizdäki ýylda paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymgyly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň we Köpetdagyň belent gaýalarynda onuň ajaýyp heýkeliniň peýda boljakdygy şygyr bossanynyň saýrak bilbiline goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.

Nurgylyç ÝAGŞYMYRADOW,

Türkmen döwlet binägärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.


1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.

16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.