Makalalar

Dünýäde belent binalaryň 100-den köpüsini özünde jemleýän şäherler ýüze çykaryldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3565/original-162889401224e5.jpeg

Fiziki belentlikler ynsan ruhunyň belentligini beýan etmegiň özboluşly usulydyr. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlaryna, şäherlerine barsaň, başlaryny göge ulaşdyryp duran belent binalarda, desgalarda gözüň uzak wagtlap egleýär. Olaryň çürbaşyna seretjek bolsaň, aýdylyşy ýaly, başyňdaky tahýaň ýere gaçýar.

Hasaplamalar dünýäde beýikligi 150 metrden ýokary bolan şol belent binalaryň 100-den köpüsini özünde jemleýän şäherleriň arasynda iň öňdäkilerini ýüze çykardylar. Olardan iň öňdäki orunda şeýle belent binalaryň 284-sini özünde jemleýän ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri durýar. Bu sanawy özünde şeýle binalaryň 199-syny jemleýän BAE-niň Dubaý şäheri, belent binalaryň 126-syna eýe bolan ABŞ-nyň Çikago şäheri we şeýle binalaryň 163-sini edinen Hytaýyň Şanhaý şäheri dowam etdirýärler.

Agzalyp geçilenleriň arasynda BAE-niň Dubaý şäherinde häzirki wagtda dünýäniň iň belent binasy bolan, beýikligi 828 metre deň bolan, 163 gat bina Burj-Halifa binasynyň ýerleşýändigini hem ýatlap geçmek bolar. Ýene-de bir aýratynlygy agzap geçmek bolar. Belent binalar olary gurýan döwletleriň, şäherleriň ykdysady taýdan abadan ýaşaýandygynyň, ösýändiginiň hem buşlukçylarydyr.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Başga makalalar
169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.


169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.