Ysgynsyzlygy, ýadawlygy nädip ýeňmeli?
Ýadawlyk her bir ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Elbetde, fiziki, aň işjeňligi, gündelik zähmet adamyny belli bir derejede surnukdyrýar. Şeýle ýagdaýlarda sagdyn uky, dynç alyş, dost-ýarlaryň, maşgala agzalaryň bilen gyzykly, şadyýan wagtgeçirmeler ýadawlygyňy aýyryp, güýç-kuwwatyňy dikeldýär. Eger-de, toplanan ýadawlyk birnäçe günüň dowamynda saklanyp, bedeniň güýç-kuwwaty dikelmeýän bolsa, onda ol öz saglygyňa, ýaşaýyş-durmuş şertleriňe üns bermelidigiň aýdyň alamatydyr.
Lukmanlaryň berýän maslahatlary bu näsazlyklardan gysga wagtda saplanmaga kömek eder. Köp halatlarda dowamly ýadawlygyň döremegine immun ulgamynyň işiniň bozulmagy, gormonal deňagramsyzlyk, fiziki şikesler we emosional tolgunmalar, bedende energiýa çalşygynyň bozulmagy sebäp bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlarda ilki bilen lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.
Ýaramaz endiklerden saplanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek berk saglygyň, ruhubelentligiň aýdyň çeşmesi bolup durýar. Şunda gündelik iýmitiňi berk gözegçilikde saklamak wajypdyr, sebäbi iýmit ynsan bedeniniň ähli ulgamlaryna gatnaşýar. Dogry iýmitlenmegiň ýönekeý düzgünlerine eýermek bilen saglygymyzy tiz wagtda dikeldip bileris. Günüň dowamynda 4-5 gezek, az mukdarda iýmitlenmek, ýeňil özleşdirilýän peýdaly önümleri ulanmak, gök-önümlere aýratyn orun bermek, berhiz saklamak, çalt özleşýän uglewodly önümlerden ýüz öwürmek, iýmitiň dürli bolmagy, aşa süýji, ýagly önümlerden saklanmak beden saglygyny goramakda we berkitmekde örän wajypdyr.
Hünärmenler adam üçin durmuşyň şowhunyny, gyzygyny artdyrmagyň wajypdygyny belläp, gündelik endikleri üýtgetmegi, gyzykly gurnaklara gatnamagy, täze hünär öwrenmegi, edebiýatlary okamagy, täsirli aýdym-sazlary diňlemegi, köp wagtdan bäri görmedik dost-ýarlaryňyz bilen görüşmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy maslahat berýärler. Ynsan durmuşy täsirli we gyzykly bolanda, beden ruhlanýar, taplanýar we sagdynlyga ymtylýar.
Mekan GAÝYPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.