Makalalar

Medeni mirasyň milli baýlygy

https://ussatnews.com/storage/posts/3607/original-1628fddddc8521.jpeg

Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň giň gerimde döwlet derejesinde bellenilmegi çeper elli halyçylarymyza, olaryň asylly zähmetine goýulýan hormatdyr.

Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly milli hünäriň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Türkmen halylary beýleki halklaryň el işlerinden, dokmaçylygyndan tapawutlanýar. Onda halkymyzyň däp-dessury, geçmiş taryhy, ajaýyp şu güni janlandyrylýar. Şeýle tapawudy göllerde, çitimde, dokalyş usulynda, reňk we ýüplük taýýarlamakdaky işlerinde, mahlasy, sähetli gün ýüwürdilip, sähetli gün kesime çenli ähli işlerinde duýmak bolýar. Haly diňe medeni miras, milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmeýär. Halyçylyk sungat derejesine ýetirilen gözel hünärdir hem köp inçe zähmeti talap edýän işdir. Has takygy, edep-terbiýe we zähmet mekdebidir. Milli ýörelgelerden ugur alynýanlygy üçin bu hünär adamda asyllylygy, halallygy, çalasynlygy, sabyr-kanagatlylygy, eden işiňi dürs we takyk ýerine ýetirmegi terbiýeleýär. Halyçylar döredijilige, sungata duýgur bolýarlar. Sebäbi olaryň ýeňil bolmadyk işi sungatdan üzňe däldir. Häzirki döwürde düşekleriň görnüşi örän köp. Oňa garamazdan, türkmen el halylaryna bolan isleg barha artýar.

Bu senetçiligiň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky karar biragyzdan kabul edildi.

Gandym ÇETIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.