Makalalar

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

https://ussatnews.com/storage/posts/3761/original-162ac424bd64db.jpeg

Türkmenistan döwletimiz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Şonuň bir ugry hökmünde ýurdumyzyň alyp barýan Ekologiýa syýasaty aýratyn gürrüňiniň edilmegine mynasyp ugurlaryň biridir.

Ozaly bilen, döwletimiziň dünýä ýurtlary abraýly halkara we sebitleýin guramalary bilen bu ugurda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini bellemelidir. Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak arkaly, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirip gelýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmak bilen, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde zerur tagallalary durmuşa ornaşdyrýar.

Ýurtlaryň köpüsine mahsus bolan gazyp alýan pudaklaryň, şol sanda nebit, gaz we dag-magdan senagatynyň zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmakda ähmiýetli ornlary bardyr. Munuň üçin önümçilige ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligiň ekologiki taýdan iň arassa usullaryny peýdalanmagyň zerurlygy ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar. Ýerasty baýlyklary gazyp almak babatda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistan döwletimiz tarapyndan önümçilige, gaýtadan işleýän senagata häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda dünýä nusgalyk göreldäni görkezýär. Dünýäde ilkinji bolan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod babatda aýdylanynda hem, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligi ýola goýulýan EKO-98 benzin ýangyjynyň önümçiligi babatda gürrüň edileninde hem, biz ekologiýa taýdan arassa önümçilik işiniň şaýady bolýarys.

Ýurdumyzda berjaý bolýan şeýle işleriň hatarynda welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berlen karbamid, azot dökünlerini öndürýän zawodlaryň mysalynda-da, gaz hem-de bug turbinaly utgaşykly dolandyrylýan täze elektrik beketleriniň mysalynda-da, howa zyňylýan zyýanly zyňyndylarynyň möçberi nol sanlarda ölçelýän arassa önümçiligiň guralandygyny görýäris.

Şirli MÄMIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.