Sport bilen meşgullanmaga başlamazdan öň maşk etmeli

13:40 24.06.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/3801/original-162b578804e23a.jpeg

Hünärmenler sport bilen meşgullanmagyň myşsalaryň we ýürek-damar ulgamynyň berkemegine peýda edýändigini belleýärler. Ýöne sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi bilen meşgullanylanda nädogry hereket etmezlik we şikes almazlyk üçin şulary maslahat berýärler. Sport bilen meşgullanmaga başlamazdan öň, 10-15 minut çemesi maşk etmek sport bilen meşgullanylanda öikes almak howpuny ep-esli peseldýär.

Şeýle-de, sport bilen meşgullanylanda, sportuň görnüşine görä aýakgaby dogry saýlap geýmek maslahat berilýär. Sport wagtynda geýlen aýakgabyň asty typdyrýan bolmaly däldir.

Özüňi erbet duýýan wagtyňda türgenleşmegi soňa goýmak maslahat berilýär. Çünki ýarawsyzlyk sebäpli döreýän ysgynsyzlyk hem sport wagtynda şikes almak howpuny artdyrýan ýagdaý hasap edilýär.

Türgenleşiki we sport wagtynda gönükmeleri ýerine ýetirmegiň tehnikasyny dogry berjaý etmelidir.

Şu we beýleki seresaplylyk çärelerini dogry berjaý etmek sizi şikes almakdan gorar we sport bilen meşgullanmakda öňde goýlan maksada ýetmgäe kömek eder.

Aýbölek ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
162f94f5ae99af.jpeg
Gawun — şirin derman

Tomus möwsüminde bereketli türkmen topragynyň boldan eçilýän lezzetli önümleriniň biri-de gawundyr. Gadym zamanlardan bäri güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ýetişen gawun-garpyzlar beýleki döwletlerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.


162ce7004f120d.jpeg
Gaýnag suw – derdiňe derman

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.


162d03ab320919.jpeg
Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri

Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.


162d1b8dbc0585.jpeg
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.


162b7ec8ef0492.jpeg
Ýürek üçin peýdaly içgiler

Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.